«Türkmenistanda ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklandy

10

12-nji iýunda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklamak hakynda resminama gol çekdi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym ulgamyny ösdürmek babatda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar, onuň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen tassyklanan “Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2024 — 2028-nji ýyllar boýunça meýilnamasynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan “Türkmenistanda ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň” hem-de ony amala aşyrmak boýunça 2026 — 2030-njy ýyllarda ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Maksatnamada ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny jemgyýetiň ähli wekilleriniň, şol sanda ýaşlaryň arasynda wagyz etmek arkaly ýurdumyzyň adam maýasynyň, ýaşlaryň ylmy dünýägaraýşynyň has-da ýokarlandyrylmagyny, gözýetiminiň giňeldilmegini, olaryň ylmy-döredijilik ukyplarynyň ösdürilmegini, şeýle hem ýurdumyzyň ylym ulgamynyň işine işjeň çekilmegini gazanmak maksat edinilýär. Şunuň bilen baglylykda, 12-nji iýunda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedowa döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklamak hakynda resminama gol çekdi we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.