Dünýä çempionaty – 2026: Baş baýraga esasy dalaşgärler mälim edildi

5

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Kanadada we Meksikada geçirilýän taryhda ilkinji gezek 48 ýygyndy toparyň gatnaşmagyndaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda esasy dalaşgärler baradaky çaklamalar mälim edildi. «Opta Analyst» sport-statistika binýadyndaky superkompýuter arkaly geçiren 25 müň simulýasiýasynyň netijelerine görä, häzirki wagtda Ýewropanyň çempiony bolan Ispaniýanyň ýygyndysy 16,1 göterim görkeziji bilen dünýä çempiony bolmaga iň esasy dalaşgär hasaplanýar. Şol bir wagtda, meşhur futbol hünärmenleri we ozalky dünýä çempionlary, şol sanda Marko Materassi hem-de Huan Pablo Sorin dagylar 2022-nji ýylda Katarda geçen çempionatyň ýeňijisi Argentinanyň öz çempionlyk ugruny gorap saklamaga has golaýdygyny belleýärler.
Superkompýuteriň seljermelerine laýyklykda, ispanlardan soňra esasy şowlylyga garaşýan toparlaryň hatarynda Fransiýa (13%), Angliýa (11,2%) we Argentina (10,4%) ýaly ozal bu tituly gazanan güýçli ýygyndylar bar. Umumylykda alanyňda, öň çempion bolan ýedi sany tejribeli toparyň ýene-de baş baýragy eýelemek mümkinçiligi 64,1 göterime deň bolup, galan 41 toparyň utmak mümkinçiligi 35,9 göterime deňdir. Bu gezekki çempionata Italiýanyň ýygyndysynyň gatnaşyp bilmezligi taryhy bäsleşigiň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Mundan başga-da, taryhda ilkinji gezek çempion bolmaga synanyşjak toparlaryň arasynda Portugaliýa (7%) has öňe saýlanýar.
Bäsleşigiň guramaçy ýurtlary bolan ABŞ (1,2%) we Meksika (1%) öňki ýigrimiligiň hataryna giren bolsalar, Kanadanyň mümkinçilikleri has pes (0,5%) baha berilýär. Kompýuter modelleşdirilmesi Türkiýäniň mümkinçiligini 0,9 göterim diýip kesgitlän bolsa, Katar, Kongo Demoktratik Respublikasy, Kabo-Werde, Gaitiniň hem-de Kýurasao ýaly döwletleriň çempion bolmak ähtimallygyny düýbünden ýok diýip hasaplaýar. Şeýle-de bolsa, ozalky dünýä çempiony Robert Pires ýaly bilermenler häzirki zaman futbolynyň derejesiniň örän ýokarydygyny we ýaryşyň barşynda garaşylmadyk netijeleriň hem bolup biljekdigini çak edýärler.