Gündogar Afrikada täze deňiz dörär

4

Gündogar Afrikada dowam edýän tektonik amallaryň netijesinde, gelejekde sebitde täze bir deňziň emele gelmegi mümkin. Halkara alymlar toparynyň Efiopiýanyň Afar sebitindäki geologik işjeňligi öwrenip, gelen netijelerine salgylanýan «Ecoticias» neşiriniň habar bermegine görä, dünýäniň iň durnuksyz rift zolaklarynyň birinde ýer gabygynyň süýşme amallary kesgin işjeňleşdi. Hünärmenler bu ýerde erän jynslardan dolan, uzynlygy, takmynan, 50 kilometre ýetýän ägirt uly magmatik jaýrygyň emele gelmegi sebäpli topragyň ep-esli süýşendigini hasaba aldylar.
Barlaglaryň görkezmegine görä, magmanyň ýokary basyş astynda iki wulkan merkeziniň arasyndaky jaýryga aralaşmagy ýer gabygynyň deformasiýasyna we kuwwaty 5,9 balla çenli ýeten 300-den gowrak ýer titremesine sebäp boldy. Arabystan, Nubiş we Somali ýaly üç sany iri tektonik plitalaryň serhetleriniň birleşýän ýeri bolan Afar sebitinde plitalaryň hereketi netijesinde ýer gabygy kem-kemden inçelýär we böleklenýär. Geologlaryň çykaran netijelerine görä, millionlarça ýyla çekjek bu amalyň ahyrynda gury ýeriň bir bölegi deňiz derejesinden aşak düşer we dörän çöketligi Gyzyl deňziň hem-de Aden aýlagynyň suwlary doldurar. Alymlar häzirki gury çöllük meýdanyň ýerinde ilki täze bir deňziň, geljekde bolsa bütewi bir umman basseýniniň emele geljekdigini çen edýärler.