Teýlor Swift – Söz ýazyjylaryň şöhrat zalyna girizilen iň ýaş zenan aýdymçy

2

Şu ýylyň 11-nji iýunynda Nýu-Ýorkuň «Merriot Markiz» myhmanhanasynda geçirilen Söz ýazyjylaryň şöhrat zalyna (Songwriters Hall of Fame) girizmek we sylaglamak dabarasynda 36 ýaşly dünýä derejeli aýdymçy Teýlor Swift taryhda bu hormatla mynasyp bolan iň ýaş zenan hökmünde hasaba alyndy. Möhüm düzgünlere laýyklykda, bu zala girmek üçin sungat işgäriniň ilkinji resmi aýdymynyň çykan gününden bäri azyndan 20 ýyl geçen bolmagy we şol döwür içinde baý aýdym-saz gory döredilen bolmagy şert bolup durýar. Swiftiň ilkinji «Tim McGraw» atly aýdymy 2006-njy ýylyň iýun aýynda köpçülige ýetirilipdi we şondan bäri ol pop, kantri hem-de folk žanrlarynda 12 sany albom ýazgy edip, jemi 14 sany «Gremmi» baýragyny gazanmagy başardy.
Dabarada meşhur kinorežissýor Stiwen Spilberg çykyş edip, aýdym ýazmagyň adamyň ruhy dünýäsine täsirini we Teýlor Swiftiň zehinini aýratyn belledi. Meşhur aýdymçy bolsa öz gezeginde bu üstünligiň özi üçin uly mertebedigini aýdyp, maşgalasyna we karýerasy üçin goldaw beren ähli muşdaklaryna minnetdarlyk bildirdi. Sungat äleminiň iň ýaş wekiliniň bu üstünligi onuň birnäçe gün öň NBA-iň finalynda «Nýu-Ýork Niks» toparynyň taryhy ýeňşine tomaşa eden günlerine gabat geldi. Mundan başga-da, 13 ýaşyndan bäri aýdym ýazgy edip gelýän soul aýdymçysy Stiwi Uanderiň bu şöhrat zalyna kabul edilen iň ýaş sungat işgäri hökmünde öz ugruna degişli taryhy görkezijini saklap galýandygy bellenildi. Şol agşam, şeýle-de, «Kiss» toparynyň agzalary Jin Simmons we Pol Stenli, Alanis Morissette, Kenni Loggins we Kristofer Trikky Stýuart ýaly görnükli kompozitorlar hem-de prodýuserler hem dabaraly ýagdaýda şöhrat zalynyň agzalygyna kabul edildiler.