ABŞ nebit eksportynda dünýä lideri boldy

3

Amerikanyň Birleşen Ştatlary nebit we nebit önümleriniň eksporty boýunça dünýäde yzly-yzyna üç aýlap birinji orny eýeläp gelýär hem-de bu görkeziji boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçip, dünýä bazaryndaky ornuny has-da pugtalandyrdy. Ýük daşamalary yzarlaýan «Vortexa» gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, şu ýylyň maý aýynda ABŞ-nyň daşarky bazarlara ugradýan çig nebitiniň we nebit önümleriniň möçberi gije-gündizde 10,5 million barrele ýetdi. Şol bir wagtda Russiýanyň eksporty gije-gündizde 7 million barrele, Saud Arabystanynyňky bolsa 5,9 million barrele çenli peseldi. Dünýäniň energetika bazaryndaky bu düýpli üýtgeşmeler Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlaryň we synçylaryň belleýşi ýaly, eýýäm, $92 barabara ýeten nebit nyrhlarynyň ýokarlanmagynyň fonunda ýüze çykdy.
Hünärmenleriň seljermelerine görä, ABŞ-nyň eksport boýunça dünýä liderine öwrülmegi ýurtda hususy kompaniýalar tarapyndan burawlama işleriniň intensiw alnyp barylmagy hem-de döwletiň strategik ätiýaçlyklarynyň işe girizilmegi bilen şertlendirilýär. Bellemeli zat, 2015-nji ýylda nebit eksportyna girizilen gadagançylygyň ýatyrylmagyndan bäri bu ýurtda nebit önümçiligi tas üç esse atyp, gije-gündizde 22 million barrele ýetdi. Bu bolsa amerikan energetika bazaryna halkara korporasiýalaryň (OPEK ýaly) bellenen çäklendirmelerine däl-de, birbada bazar nyrhlaryna görä çeýe çäreleri görmäge mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda dünýäniň esasy sebitleri bolan Ýewropa we Aziýa öz energetika zerurlyklaryny üpjün etmekde Ýakyn Gündogaryň çig malynyň ornyny amerikan nebiti bilen işjeň doldurýarlar. Maglumatlara görä, Ýewropanyň ABŞ-nyň umumy eksportyndaky paýy 47 göterime, Aziýanyňky bolsa 46 göterime ýetdi. Bu bolsa öz gezeginde, ozal daşary ýurt çig malyna garaşly bolan Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna dünýäniň energetika geosyýasatynda täze we uly täsir ediş gurallaryny berýär. Täze şertlerde Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary amerikan energetika kompaniýalaryna döräp biljek täze garaşlylyk barada belli bir derejede alada bildirseler-de, resmi Waşington bu ýagdaýy özüniň geosyasy we ykdysady artykmaçlygy hökmünde baha berýär.