WE­ZI­PE­SI­NE  GI­RIŞ­ÝÄR

Pa­kis­ta­nyň tä­ze saý­la­nan ýol­baş­çy­sy we­zi­pe­si­ne gi­riş­ýär. 25-nji iýul­da ge­çi­ri­len par­la­ment saý­la­wyn­da ýe­ňiş ga­za­nan “Tä­rik-e-en­saf” par­ti­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Im­ran Han 18-nji aw­gust­da, ýag­ny şu gün res­mi taý­dan ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri bol­dy. Pa­kis­ta­nyň kri­ket bo­ýun­ça mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň ozal­ky ka­pi­ta­ny, 65 ýa­şyn­da­ky Im­ran Ha­nyň 22 ýyl­lyk sy­ýa­sy tej­ri­be­si bar.

PAÝ­NA­MA­LA­RYŇ KÖP BÖ­LE­GI­NI EÝE­LE­DI

Eý­ra­nyň Gü­nor­ta Pars te­bi­gy gaz kä­nin­de iş alyp bar­ýan Hy­ta­ýyň döw­let ne­bit kom­pa­ni­ýa­sy (CNPC) Fran­si­ýa­nyň “To­tal” şe­re­ke­ti­niň paý­na­ma­la­ry­ny sa­tyn al­dy. Pars aý­la­gyn­da­ky iri gaz ýa­ta­gy­nyň paý­na­ma­la­ry­nyň ag­ram­ly bö­le­gi hy­taý­ly kom­pa­ni­ýa de­giş­li bol­dy. Tas­la­ma­nyň paý­na­ma­la­ry­nyň 30 gö­te­ri­mi­ne eýe bo­lan CNPC kom­pa­ni­ýa­sy fran­si­ýa­ly şe­re­ke­tiň 50 gö­te­rim­lik paý­na­ma­sy­ny hem sa­tyn alyp, bu gör­ke­zi­ji­ni 80 gö­te­ri­me ýe­tir­di. Şeý­le­lik­de, 5 mil­liard dol­lar­lyk tas­la­ma­nyň iň uly paý­da­ry bol­dy.

ÝE­KE-TÄK YG­TY­ÝAR­NA­MA UL­GA­MY

Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­na (GDA) gir­ýän ýurt­lar Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry üçin ýe­ke-täk yg­ty­ýar­na­ma ul­ga­my­ny dö­ret­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Ga­dym­dan bä­ri, Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­leş­ýän Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry sy­ýa­hat­çy­lyk ba­bat­da dün­ýä ja­han­keş­de­le­ri­niň ün­sü­ni çek­me­gi do­wam et­dir­ýär. Tä­ji­gis­ta­nyň paý­tag­ty Du­şan­be şä­he­rin­de ge­çi­ri­len GDA ýurt­la­ry­nyň Sy­ýa­hat­çy­lyk bo­ýun­ça ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­de “Ýü­pek ýo­ly” sy­ýa­hat­çy­lyk mak­sat­ly yg­ty­ýar­na­ma ul­ga­my­ny dö­ret­mek baş­lan­gy­jy öňe sü­rül­di. Bu baş­lan­gyç se­bit ýurt­la­ry ta­ra­pyn­dan öw­re­nil­ýär.

IKEA HIN­DIS­TA­NYŇ BA­ZA­RYN­DA
Harytlarynyň ba­ha­sy on­çak­ly gym­mat bol­ma­dyk Şwe­si­ýa­nyň IKEA kom­pa­ni­ýa­sy­nyň me­bel we beý­le­ki ha­ryt­la­ry Hin­dis­ta­nyň ba­za­ryn­da sa­ty­lyp baş­lan­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň il­kin­ji söw­da mer­ke­zi Haý­da­ra­bad şä­he­rin­de açyl­dy. 37 müň ine­dör­dül met­ri eýe­le­ýän söw­da mer­ke­zin­de 850 iş­gär iş­le­ýär. Çak­la­ma­la­ra gö­rä, ol her ýyl 7 mil­li­on müş­de­rä hyz­mat eder. 2025-nji ýy­la çen­li IKEA Hin­dis­tan­da ýe­ne-de 25 söw­da mer­ke­zi­ni açyp, Azi­ýa­nyň yk­dy­sa­dy taý­dan 3-nji uly ýur­du­na 1,5 mil­liard dol­lar ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­ni gö­nük­di­rer. Şwed kom­pa­ni­ýa­sy 2006-njy ýyl­da Hin­dis­ta­nyň ba­za­ry­na gir­mek­çi bo­lup­dy. Bu söw­da mer­ke­zin­de 7500 gör­nüş­li ha­ryt saty­lyp, onuň 1000-e go­la­ýy­nyň ba­ha­sy 200 ru­pi­ýa (3 dol­lar tö­we­re­gi) we on­dan hem az bo­lar, 500 görnüşli ha­ry­dyň ba­ha­sy 100 ru­pi­ýa deň bo­lar.
2018-nji ýy­lyň ýan­wa­ryn­da IKEA-nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Ing­war Kamp­rad 91 ýa­şyn­da ara­dan çyk­dy. Ol bu kom­pa­ni­ýa­ny 1943-nji ýyl­da 17 ýa­şyn­da esas­lan­dyr­ýar. Il­ki­baş­da IKEA-da ga­lam we öý ha­ryt­la­ry sa­tyl­ýar­dy, me­bel önüm­le­ri 1948-nji ýyl­da sa­tu­wa çy­ka­ryl­ýar. Hä­zir bu kom­pa­ni­ýa me­bel we öý ha­ryt­la­ry­nyň bö­lek sa­tu­wy­ny ama­la aşyr­ýan iri şe­re­ket­le­riň bi­ri­dir.

JEM­GY­ÝET­ÇI­LIK ULAG­LA­RY ÜÇIN AMAT­LY ŞÄ­HER “Expert Mar­ket” kom­pa­ni­ýa­sy jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ry­nyň amat­ly­ly­gy bo­ýun­ça dün­ýä­niň şä­her­le­ri­niň sa­na­wy­ny taý­ýar­la­dy. Oňa la­ýyk­lyk­da, bi­rin­ji orun Fran­si­ýa­nyň Nis­sa şä­he­ri­ne de­giş­li bol­dy. Bu şä­he­riň ýa­şaý­jy­la­ry her ýyl­da or­ta­ça 22 sa­ga­dy­ny ulag dyk­ny­şy­gyn­da, her gün işe gi­dip-gel­mek üçin 40 mi­nu­ty­ny sarp ed­ýär, şeý­le hem aý­lyk zäh­met ha­ky­nyň 1,25 gö­te­ri­mi­ni ýol bi­le­ti­ni al­mak üçin harçlaýar. Bu gör­ke­zi­ji­ler bo­ýun­ça ikin­ji or­ny Ek­wa­do­ryň Ku­en­ka şä­he­ri, üçün­ji ýe­ri bol­sa, Is­pa­ni­ýa­nyň Bil­bao şä­he­ri eýe­le­di. Dör­dün­ji we bä­şin­ji orun­lar de­giş­li­lik­de Fran­si­ýa­nyň Tu­lu­za we Ita­li­ýa­nyň Ka­ta­ni­ýa şä­her­le­ri­ne de­giş­li bol­dy. Sa­na­wa 74 şä­her go­şul­dy. Sa­naw dü­zü­len­de jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ryn­da gat­na­mak we du­ral­ga­lar­da ulag­la­ra ga­raş­mak üçin sarp edil­ýän wagt, bir gat­naw ug­ry bo­ýun­ça dü­şü­lip-mü­nül­ýän ulag­la­ryň sa­ny, ýo­luň uzyn­ly­gy, ulag dyk­ny­şy­gyn­da sarp edil­ýän wagt, zäh­met ha­kyn­dan ýol üçin sarp edil­ýän pu­luň möç­be­ri ýa­ly gör­ke­zi­ji­ler göz öňün­de tu­tul­dy.

ÖSÜŞ STRA­TE­GI­ÝA­SY KA­BUL EDIL­DI
Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­da öňü­miz­dä­ki 22 ýyl üçin ösüş stra­te­gi­ýa­sy ka­bul edil­di. Bu stra­te­gi­ýa­nyň çäk­le­rin­de 21 mil­liard dol­lar se­riş­de gö­nük­di­ri­lip, 244 tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar. Ýur­duň Pre­zi­den­ti Soo­ron­baý Že­en­be­ko­wyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da adam müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ös­dür­mek, pa­ra­hor­lyga gar­şy gö­reş­mek, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry giň­den çek­mek ar­ka­ly öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek ýa­ly ugur­lar­da­ky we­zi­pe­ler kes­git­len­di. 2040-njy ýy­la çen­li 200-den gow­rak tas­la­ma dur­mu­şa ge­çi­ri­ler. 8 mil­liard dol­lar ener­ge­ti­ka, 7 mil­liard dol­lar ulag inf­rast­ruk­tu­ra­sy we lo­gis­ti­ka, 2,5 mil­liard dol­lar se­na­gat pu­da­gy­ny ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­ler.

25 ÝYL­LYK ŞERT­NA­MA
ABŞ-nyň su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz ön­dür­ýän “Che­nie­re Ener­gy Inc” şe­re­ke­ti Taý­wa­nyň “CPC Cor­po­ra­ti­on” fir­ma­sy bi­len her ýyl 2 mil­li­on ton­na su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz sat­mak ba­bat­da 25 ýyl­lyk şert­na­ma gol çe­kiş­di. ABŞ-nyň şe­re­ke­ti ga­zy ge­tir­mek ba­bat­da äh­li çyk­da­jy­la­ry öz üs­tü­ne al­ýar. Yla­la­şyk 2021-nji ýyl­da güý­je gi­rer.