Amerikanyň Milli Hokkeý ligasy NHL-de çempion, ýagny Stenli Kubogynyň eýesi belli boldy. Çempion 6-njy duşuşykda belli bolup, “Karolina Harrikeýnz” topary taryhyndaky 2-nji çempionlygyny gazandy. “Wegas Golden Naýts” bilen duşuşan “Karolina Harrikeýnz” topary 1-nji duşuşykda öz meýdançasynda 5:4 hasabynda asgyn geldi. 2-nji duşuşykda goşmaça wagtda 4:3 üstün çykan karolinalylar 3-nji duşuşykda 5-4 hasabynda ýeňildi. 4-nji duşuşykda 5:3 hasabynda ýeňiş gazanan “Karolina Harrikeýnz” topary 5-nji duşuşykda-da garşydaşyny utmagy başardy (4:2). 6-njy oýunda Las Wegasdaky “T-Mobile Arena”-da oýnalyp, jogapsyz 3 şaýba geçiren “Karolina Harrikeýnz” umumy hasapda 4:2 öňe saýlandy. Bu olaryň taryhyndaky 2-nji çempionlygy bolup, “Karolina Harrikeýnz topary mundan 20 ýyl ozal, ýagny 2006-njy ýylda Stenli Kubogyny eýeläpdi. Bu olaryň 3-nji finaly bolup, 2002-nji ýylda çempionlygy “Detroit Red Wings” toparyna aldyrypdy. 2023-nji ýylda Stenli Kubogyny eýelän “Wegas Golden Naýts” topary 2018-nji ýyldan soň 2-nji gezek finalda ýeňlişe sezewar boldy.
Toparyň kanadaly hokkeýçisi Jordan Stal final oýunlarynyň iň ökde oýunçysy diýlip saýlandy.
PDF









