Holannyň dubly, Norwegiýanyň 3-nji ýeňşi

7

Dünýä Kubogynyň iň güýçli toparçasy hasaplanýan “I” toparçanyň 2-nji duşuşygynda Norwegiýanyň ýygyndysyny 4-1 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, 28 ýyldan soň gatnaşýan ýaryşyna şowly başlady. Bostondaky Gillette Stadium-da oýnalan oýunda Erling Holann 29-njy minutda hasaby açsa-da, 39-njy minutda 40 ýyldan soň Dünýä Kubogyna ýoly düşen yraklylar Aýmen Husseiniň tapawutlanmagynda jogap goluny geçirdiler. Ýöne 43-nji minutda Holann ýene bir ýola tapawutlanyp, skandinawlary 2-nji gezek öňe saýlady. Ýeri gelende bellesek, Holannyň kakasy Alf-Inge Holann hem mundan 32 ýyl öň ABŞ-da geçirilen çempionatda Norwegiýanyň düzüminde Meksika hem-de Italiýanyň garşysyna bolan oýunlarda meýdança çykypdy.

Duşuşygyň 2-nji ýarymynda, has takygy, 76-njy minutda oýna gireninden 3 minut soň 3-nji goly Yragyň derwezesinden girizdi. 90+6-njy minutda bolsa Yragyň ýeke-täk goluny geçiren Aýmen Hussein ýalňyşlyk bilen bu gezek topy öz derwezesinden geçirdi. 4-1 hasabynda üstün çykan Norwegiýa 4-nji gezek gatnaşýan ýaryşynda 3-nji ýeňşini baýram etdi. Yragyň ýygyndysy bolsa Dünpä Kubogynyň taryhynda oýnan 4-nji duşuşygynda-da utuldy.