17-18-nji iýunda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Slowakiýa Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Wladimir Şimonýagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza geldi.
Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda toparyň ýolbaşçylarynyň ikiçäk duşuşygy geçirildi. Onda Aşgabatda meýilleşdirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň Türkmenistanyň hem-de Slowakiýa Respublikasynyň arasynda ykdysady gatnaşyklary täze derejä çykarmakda wajyp ädim boljakdygy nygtaldy. Bellenilişi ýaly, Ýewropa ýurtlary bilen syýasy-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýet, senagat, oba hojalygy, ulag-logistika, dokma ýaly esasy pudaklarda uly ösüşler gazanylýar. Slowakiýa Respublikasy Ýewropanyň möhüm ykdysady merkezleriniň biri hökmünde Türkmenistan üçin dürli ugurlarda ykdysady mümkinçilikleri açýar.
Soňra Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Oňa toparyň iki ýurt tarapyndan ýolbaşçylary we agzalary gatnaşdylar. Çykyş edenler özara gatnaşyklaryň dostlukly häsiýete eýedigini, onuň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine daýanýandygyny aýtdylar. Şunda taraplaryň köpugurly hyzmatdaşlygy, şol sanda söwda, maýa goýum işi, işewür toparlaryň ugry boýunça gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy. Çykyşlarda bilelikdäki toparyň mejlisiniň ilkinji gezek geçirilýändigi, munuň bolsa Türkmenistanyň we Slowakiýanyň özara gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini görkezýändigi nygtaldy.
Mejlise gatnaşyjylar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşyp, ykdysadyýetiň we söwdanyň dürli ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretdiler. Şunda iki döwletiň hojalyk subýektleriniň arasynda ikitaraplaýyn ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de berkidilmegine ýardam berjek bilelikdäki taslamalara garamagyň möhümdigi tassyklanyldy.
Mejlise gatnaşyjylar bu ähmiýetli çäräniň guralmagy babatda döredilen mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň we Slowakiýa Respublikasynyň Prezidentlerine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Soňra Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisiniň işçi duşuşygy we ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olara toparyň agzalary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyklaryň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş we lukmançylyk, bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda wajyp meselelere garaldy.
18-nji iýunda mejlis öz işini dowam etdi. Onuň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.
PDF









