Tähranda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan çäreler geçirildi

4

17-nji iýunda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet institutynda «Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy sebitinde agzybirligiň we medeni galkynyşyň sesi» atly Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan maslahat geçirildi.
Maslahata daşary ýurtlaryň Tährandaky Ilçileri we diplomatlary, magtymgulyşynaslar, medeniýet we sungat işgärleri hem-de jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar.
Şeýle hem onuň dowamynda Medeniýet institutynyň prezidenti, Türkmenistanyň Ilçisi, Täjigistanyň Milli uniwersitetiniň taryh boýunça professory, Eýran Yslam Respublikasyndaky «Türkmen medeniýet öýi» sungat institutynyň direktory we edebiýatşynaslar çykyş etdiler.
Çykyşlarda türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň milli we dünýä edebiýatynda eýeleýän orny, şahyryň döredijilik mirasynyň öwrenilişi, onuň ömri we döredijiligi bilen bagly täze açyşlar hem-de filosofiki pikirleri hakynda bellenildi. Şeýle hem şahyryň goşgularynda watançylyk, agzybirlik, adalatlylyk we ynsanperwerlik ýaly beýik ideýalaryň ähmiýeti barada gürrüň edildi. Çäräniň dowamynda şahyra bagyşlanan wideoýazgylar görkezildi.
Mundan başga-da Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýä ýaýmakda we tanatmakda edýän tagallalaryna ýokary baha berdiler.
Şeýle hem 2026-njy ýylyň 16-nji iýunynda Tähran şäheriniň Harezmi uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna bagyşlanan medeni çäre geçirildi.
Bu çärä Türkmenistanyň, Täjigistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçileri, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet institutynyň prezidenti, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler we Medeniýet ministrlikleriniň wekilleri hem-de eýranly türkmenler gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada çykyş etdiler, şahyryň ýazan goşgularyny okadylar we onuň goşgularyna döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler hem-de türkmen medeniýeti, sungaty we edebiýaty bilen bagly birnäçe sahna çykyşlaryny görkezdiler.