Güýçli yssy howanyň gaýtalanyp duran döwri nemes ykdysadyýetine 2030-njy ýyla çenli takmynan 112 milliard ýewrop ýitgi salyp biler. “Alliance Trade” ätiýaçlandyryş topary şeýle netijä geldi diýip, “Focus” žurnaly habar berdi.
30 derejeden ýokary bolan yssy howada her bir Selsiý gradusy iş öndürijiligini ortaça 3 göterim pese düşürýär. Elektrik energiýasyna çykdajylar bolsa, binalary serginletmek bilen bagly 1,2 gradus ýokarlanýar.
Germaniýada yssy howa bilen bagly ýörite kanun ýok. Häzirki wagtda iş orunlary barada düzgünnama esasy ähmiýete eýedir. Onda iş berijiler binada howanyň derejesini barlamaga borçly edilýär. Mysal üçin, 30 gradusda we ondan ýokary görkezijilerde gorag çärelerini görmek zerurdyr. “Alliance” ätiýaçlandyryş topary şunuň bilen baglylykda, nemes kompaniýalarynyň ýitgi çekýändigini belleýär.
Hünärmenler kärhanalary we iş orunlaryny adatdan daşary howa şertlerine gowy taýýarlamaga çagyrýarlar. Munuň üçin Günorta Ýewropada ulanylýan çemeleşmeler gözükme bolup biler. Mysal üçin, Ispaniýada we Gresiýada tomus paslynda iş wagty babatda düzediş girizilýär. Şeýle etmek bilen, kompaniýalar zähmet öndürijiligini ýokarlandyryp hem-de kompaniýanyň bazar bahasyny saklap bilerler diýip, bilermenler aýdýarlar.
PDF









