Beýik Britaniýadaky Şerwud tokaýlygynda ýerleşýän, rowaýatlara görä, halk gahrymany Robin Guduň hem-de onuň egindeşleriniň gaçybatalgasy bolan 1200 ýaşly Major Oak atly meşhur dub agajy gurady. Bu barada Guşlary goramak boýunça Patyşalyk jemgyýetine (RSPB) salgylanýan “The Independent” gazeti habar berdi.
Tebigaty goramak boýunça guramalaryň maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň baharynda dub ilkinji gezek ýapraklamandyr. Hünärmenler agajyň birnäçe ýyl bäri guraklyk, adatdan daşary yssy howa we kök ulgamynyň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy sebäpli tapdan düşýändigini belleýärler. Beýleki sebäpleriň biri hökmünde syýahatçylaryň köp basgylamagy netijesinde dubuň töweregindäki topragyň gatandygy, netijede, ýagyş suwunyň daragtyň kök ulgamyna ýeterlik derejede barmandygy görkezilýär.
Major Oak duby Nottingemşir graflygyndaky Şerwud tokaýlygynyň esasy tebigat gözellikleriniň biri hasaplanýar. Onuň ýaşy takmynan 800-1200 ýyl hasaplanýar, Robin Gud baradaky rowaýat bilen baglanyşdyrylýar. Her ýyl dub agajyny görmäge ýüz müňlerde syýahatçy barýar.
Agajyň gurandygyna garamazdan, ony tebigy ýadygärlik hem-de tokaýyň ekoulgamynyň möhüm bölegi hökmünde gorap saklamak isleýärler.
PDF









