Arkadag şäherinde gurulýan metjit “Arkadagyň ruhy metjidi” diýlip atlandyrylar

16

19-njy iýunda Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde ýurdumyzyň dindarlarynyň maslahaty geçirildi. Oňa din işgärleri we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda häzirki döwürde Gahryman hajy Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary bilen ýurdumyzda döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigi bellenildi. Ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän döwlet syýasaty halkymyzyň milli özboluşlylygyny kepillendirip, türkmen halkynyň dünýä medeniýetinde eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alýar. Şunda asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlar jemgyýetiň ruhy taýdan sagdyn ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şoňa görä, maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda musulman dünýäsine mahsus ýörelgeleriň rowaçlanmagy, isleg bildirýän ildeşlerimiziň haj parzyny berjaý etmekleri ugrunda ýokary derejeli şertleriň döredilýändigi üçin hajy Arkadagymyza we Arkadagly hajy Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan ynsanperwer ýörelgeler Arkadagly hajy Serdarymyzyň beýik tutumlarynda öz beýanyny tapýar. Türkmen halkynda ýol çekmek, köpri gurmak, bina galdyrmak sogap iş hasaplanýar. Şunda metjit gurmagyň aýratyn sogaplydygyny bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, juma namazyna ýygnanan ýaşulularyň maslahatynda Milli Liderimiziň tagallasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde gurulýan nurana metjidi “Arkadagyň ruhy metjidi” diýip atlandyrmak baradaky teklip öňe sürüldi. Munuň özi hajy Arkadagymyzyň täze şäheriň döwrebap derejede gurulmagy ugrunda edýän tagallasynyň we halkymyzdan gelip gowşan köp sanly teklipleriň nazara alynmagydyr. Maslahata gatnaşan ýaşulularyň hemmesi teklibi oňlap, Arkadag şäherinde gurulýan metjidiň “Arkadagyň ruhy metjidi” diýlip atlandyrylmagynyň ýerine düşen çözgüt boljakdygyny bellediler.