Dünýä Kubogynda “B” toparçada garaşylmadyk, täsin, uly hasaply netije bellige alyndy. Ýer eýelerinden Kanadanyň ýygyndysy Wankuwerdäki BC Place stadionynda mundan 4 ýyl öňki ýaryşyň ýer eýesi Katar bilen duşuşdy. Ýer eýeleriniň doly artykmaçlygynda geçen oýunda Kanadanyň ýygyndysy her ýarymda garşydaşynyň derwezesinden 3 gol geçirdi. Oýnuň 16-njy minutynda Kaýl Larin çempionatdaky 2-nji goluny öz adyna ýazdyrdy. 29-njy minutda Jonatan Dewid het-triginiň ilkinji goluny geçirdi. Bu goldan 4 minut soň, ýagny 33-nji minutda katarlylar meýdançada 1 oýunçy kem bolup galdylar (Homam Ahmed). Jonatan Dewid 45+3-nji özüniň 2-nji, toparynyň 3-nji goluny saldy. 2-nji ýarymyň başlarynda, has takygy, 51-nji minutda Katardan ýene bir oýunçy gyzyl kart aldy. Ismael Koneniň garşysyna gödeklige ýol beren Assim Madibo oýundan çykaryldy. Onuň aslynda ýönekeý görünýän eden hereketinden soň Ismael Koneniň aýagy döwüldi. Nasilka bilen meýdançadan çykarylan Kone bu duşuşykdan 3 gün 24 ýaşyny doldurypdy.
Oýnuň 64-nji minutynda Natan Saliba 4-nji goly katarlylaryň derwezesinden geçirdi. Ol geçiren golundan soň, Koneniň köýnekçesini asmana göterip, topardaşynyň aýagy döwlenine gynanjyny, şol sanda oňa goltgusyny beýan etdi.
75-nji minutda topy Manai ýalňyşlyk bilen öz derwezesinden girizip, aratapawudy hasam artdyrdy. 90+2-nji Jonatan Dewid het-trigini tamamlap, oýna soňky nokady goýdy. Şeýlelikde, 6-0 hasabynda üstün çykan Kanadanyň ýygyndysy Dünýä Kubogyndaky ilkinji ýeňşini gazandy. Kanadanyň ýygyndysy 4 ýyl öň DK-däki ilkinji goluny geçiripdi (Alfonso Dewis), bu çempionatda-da 1-nji aýlawda ilkinji utugyny alypdy, indi bolsa ilkinji 3 utugyny gazanmagy başardy.
PDF









