1998-nji ýylda ýeňipdi, ýene-de utmagy başardy

7

Dünýä Kubogynda “C” toparçada Gillette Stadium-da Şotlandiýa bilen Marokkonyň ýygyndylary duşuşyp, oýunda ýeke gol hasaby alyndy. Şol ýeke-täk goly-da Marokkonyň hüjümçisi Ismael Saibari 2-nji minutda, ýagny 70-nji sekuntda derwezä girizdi. Bu goluň pasyny hem edil 1-nji oýunda bolşy ýaly, Brahim Diaz berdi. Ýeri gelende bellesek, Marokkonyň ýygyndysy 1998-nji ýylda-da Şotlandiýa bilen duşuşypdy we 3-0 hasabynda ýeňipdi.

Marokkonyň ýygyndysy 3-nji duşuşygynda Gaiti bilen duşuşyp, toparçada 1-nji orny eýelemek üçin has köp golly hasap bilen ýeňmäge synanyşar.