Meksikadan soň ABŞ-nyň ýygyndysy hem 1/16 finala çykdy

4

“D” toparçada ýer eýeleri ABŞ-nyň ýygyndysy Sietl şäherindäki “Lumen Field” stadionynda Awstraliýanyň ýygyndysy bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda amerikanlar has erjellik görkezdi. Duşuşyk 2-0 hasabynda ABŞ-nyň peýdasyna tamamlandy. Ýer eýelerine ýeňiş getiren gollary 11-nji minutda Kameron Buržes (awtogol) hem-de 43-nji minutda Aleks Friman geçirdi.  Netijede, 2-nji oýnunda-da 3 utuk gazanan ABŞ-nyň ýygyndysy toparçada 1-nji orny eýelemäge hukuk gazandy. ABŞ-nyň ýygyndysy beýleki ýer eýesi Meksikadan soň 1/16 finala adyny ýazdyran 2-nji topar boldy. ABŞ-nyň ýygyndysy Dünýä Kubogynyň çäginde 1930-njy ýyldaky çempionatdan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna 2 duşuşykda ýeňiş gazandy. ABŞ-nyň ýygyndysy indiki tapgyrda B/E/F/I/J toparçalarynyň haýsy hem bolsa biriniň 3-nji orny eýelän topary bilen San Fransiskoda duşuşar.