Kahramanmaraş ÝUNESKO-nyň «Edebiýat şäheri» diýlip ykrar edildi

3

Türkiýäniň Kahramanmaraş şäheri ÝUNESKO-nyň Döredijilikli şäherleriň ählumumy ulgamyna «Edebiýat şäheri» hökmünde kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, Stambul şäheriniň Atatürk medeniýet merkezinde Kahramanmaraşyň baý medeni mirasyny, edebi däp-dessurlaryny tanyşdyrmak hem-de ÝUNESKO-nyň bu täze statusyny dabaralandyrmak maksady bilen halkara tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Kahramanmaraş bu abraýly ulgama Türkiýäniň adyndan edebiýat ugrundan goşulan ilkinji şäher boldy we şeýlelikde, dünýäniň beýleki meşhur edebiýat merkezleriniň hataryna girdi.
Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý öz çykyşynda şäheriň taryhy edebi däplerine ýokary baha berip, ÝUNESKO tarapyndan berlen bu derejäniň Kahramanmaraşyň diňe bir medeni däl, eýsem, durmuş-ykdysady taýdan ösmegine hem täze badalga berjekdigini nygtady. Şeýle hem çärede çykyş eden beýleki resmi şahslar we halkara wekilleri bu ykrar etmäniň nesillerboýy kemala gelen ruhy hem-de intellektual baýlygyň netijesidigini aýratyn bellediler.
Kahramanmaraş şäher häkimliginiň başlygy Fyrat Görgel şäheriň Nelip Fazyl Kısakürek, Jahit Zarifoğlu ýaly türk edebiýatyna uly goşant goşan dünýä belli söz ussatlaryny ýetişdirendigini ýatlatdy. Ol häzirki wagtda şäherde ondan gowrak edebiýat žurnalynyň neşir edilýändigini, şeýle hem halkara kitap ýarmarkalarynyň we şygyr we edebiýat günleriniň yzygiderli guralýandygyny habar berdi. Häkimiň bellemegine görä, 2023-nji ýylyň fewralynda bolup geçen weýrançylykly ýertitretmeden soň şäheri gaýtadan dikeltmek işlerinde medeniýet, edebiýat we sungat ugurlary esasy orunda durýar. Häzirki wagtda sebitde täze muzeýleriň, kitaphanalaryň we medeni merkezleriň gurluşygy, şol sanda weýran bolan desgalaryň abatlaýyş işleri Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi bilen bilelikde güýçli depginde dowam etdirilýär. Dabara kahramanmaraşly şahyrlaryň sözlerine düzülen aýdym-sazly çykyşlar bilen jemlendi.