Braziliýaly alymlar laboratoriýa şertlerinde emeli et döretdiler

2

Braziliýanyň oba hojalyk ylmy-barlag kompaniýasy laboratoriýa şertlerinde et döretmekde üstünlik gazandy. Synag haýwan gelip çykyşly önümleri çalyşmak we daşky gurşawa zor salmazlyk maksady bilen geçirildi diýip, “Agência Brasil” habarlar agentligi habar berdi.
Netijede, diri organizmden alnan öýjükleri köpeltmek arkaly emeli towuk döşüni başartdy. Asyl nusgany öýjükleriň ösmegine we bölünmegine ýardam edýän kisloroda, glýukoza, aminokislotalara we mineral duzlara baý bolan iýmitlendiriji gurşawda ýerleşdirdiler. Emeli et döretmek üçin dikeldiş lukmançylygynda ulanylýan dokuma inženeriýasyndan we öýjük biotehnologiýadyndan peýdalanyldy. Alnan nusgada hakyky towuk etiniň tagamyny we beýleki azyklyk häsiýetlerini saklamak başartdy.
Öň bu kompaniýanyň işgärlerine 30 aýyň dowamynda 3D çap usuly arkaly losos balygynyň (gyzylbalyk), işbiliň we kalmaryň jylka etini nusgalamak başartdy.