Parižiň kitaphanasynda Mosartyň näbelli golýazmasy tapyldy

3

Fransiýanyň paýtagtynda ýerleşýän milli kitaphanadan nusgawy kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň golýazmasy tapyldy, ol fleýta hem-de arfa üçin ýazylan ýedi sany saz eserinden ybarat.
Hünärmenler golýazma «möhüm açyş» hökmünde baha berdiler. Ol ussat kompozitor Mosartyň ýaş mugallym döwri we 1778-nji ýylda Pariže soňky gezekki sapary barada maglumat almaga kömek edýär. Ýagny 1778-nji ýylyň maý — iýul aýlary aralygynda Mosartyň mugallym hökmünde Pariždäki baý maşgalalaryň birinde sapak berendigi bellidir. Täze golýazma 44 sahypadan ybarat bolup, kompozitor oňa dürli bellikleri edipdir.
Mosartyň Zalsburgdaky kitaphanasynyň hünärmenleri içgin öwrenip, golýazmanyň, hakykatdanam, kompozitoryňkydygyny anykladylar. Indi täze tapylan ýedi saz eserini Fransiýada geçjek saz festiwalynda ilkinji gezek ýerine ýetirmekçi bolýarlar diýip, “The Brussels Times” neşiri habar berdi.