Hytaýda 120 million ýyl mundan öň ýaşan dinozawryň görnüşi tapyldy

3

Hytaýly paleontologlar takmynan 120 million ýyl mundan öň ýaşan dinozawryň täze görnüşini tapdylar diýip, ýurduň «Sinhua» agentligi habar berdi. Çeşmäniň ýazmagyna görä, bu açyş dinozawrlaryň gelip çykyşyna hem-de guşlaryň ewolýusiýasyna degişli täze maglumatlary almaga mümkinçilik berer.
Dinozawryň galyndylary Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Lýaonin ülkesinden tapyldy. Olaryň arasynda dinozawryň tutuş tenini örten ýelekler hem bar.
Täze tapyndy barada ylmy barlaglaryň jemleri “Vertebrata PalAsiatica” ylmy žurnalynda çap edildi.