Ýaponiýa adatdan daşary yssy howa taýýarlanýar

2

Ýaponiýa howanyň derejesiniň tutuş dünýäde ýokarlanmagy we adatdan daşary howa hadysalarynyň döremegi bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň tomus möwsümine taýýarlygy güýçlendirdi. Hökümet ilaty yssydan goramak we durnukly energiýa üpjünçiligini ýola goýmak üçin goşmaça çäreleri görýär diýip, ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine salgylanýan «Azertaj» habarlar gullugy habar berdi.
Aprelde Ýaponiýanyň meteorologik agentligi ilkinji gezek Selsiý boýunça 40 gradusdan ýokary howa derejesini aňladýan «kokusýebi» diýen adalgany girizdi. Öň ýurtda yssynyň iň ýokary derejesi 35 gradusdan geçýän görkezijini aňladýan «mosýebi» adalgasy hereket edýärdi.
Howa maglumaty agentliginiň çaklamasyna görä, bu ýyl Ýaponiýada howanyň derejesi kadadan ýokary bolar.
Howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, Ýaponiýada jokrama yssydan goraýan tehnologiýalar we gulluklar bazary işjeň ösdürilýär. Kompaniýalar yssy töwekgelçiliklerini yzarlaýyş ulgamlaryny, yssy howpunyň sanly kartalaryny we işgärleri suw hem elektrolitler bilen üpjün etmek boýunça programmalary durmuşa ornaşdyrýarlar.