100 gol geçiren 8-nji topar boldy

4

Dünýä Kubogy 2026-da “F” toparçada Niderlandlar bilen Şwesiýanyň ýygyndylary özara 26-njy gezek duşuşdylar. Hýustondaky NRG Stadium-da oýnalan oýunda Niderlandlar 5-1 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Niderlandlaryň 1-nji ýarymdaky gollaryny 5-nji we 17-nji minutlarda Braýan Brobbi geçirdi. 2-nji ýarymda bolsa 47-nji we 54-nji minutlarda Kodi Gakpo hem-de 89-njy minutda Sammerwill derwezä girizdi. Şwedleriň ýeke-täk goluny bolsa 59-njy minutda Antoni Elanga öz adyna ýazdyrdy. Şeýlelikde, 1-nji oýunda Tunisi 5-1 hasabynda ýeňen Şwesiýa şol hasap bilen Niderlandlardan asgyn geldi.

Niderlandlaryň Dünýä Kubogynda geçiren gollarynyň sany 103-e ýetdi. Brobbiniň geçiren 2-nji goly olaryň DK-däki 100-nji goly hökmünde hasaba alyndy. Niderlandlar Dünýä Kubogynda 100 goldan geçen 8-nji ýygyndy bolup, olar şeýle statistika çempion bolman ýeten ilkinji topardyr.

Niderlandlardan öň çempion toparlar – Braziliýa, Germaniýa, Argentina, Fransiýa, Italiýa, Angliýa hem-de Ispaniýa 100 goldan geçipdi. Çempionlyk gazanan toparlardan diňe Urugwaýyň geçiren gollary 100-e ýetenok (90).