Iýul aýynda geçiriljek esasy çäreler

16

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ata Watanymyzda köp sanly dabaraly çäreler geçirilýär. Şu ýylyň iýul aýynda hem dürli çäreleri geçirmek üçin gowy taýýarlyk görülýär.

Geljek iýul aýynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dürli çäreleriň, dabaralaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle hem geljek aýda amaly-haşam, keşdeçilik, senetçilik sungatynyň dürli görnüşlerini wagyz etmek maksady bilen, «Milli mirasymyz dowamat-dowam» atly çäreleriň, «Taryhy ýadygärlikleriň ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlyklary öwrenmekdäki ähmiýeti» atly taryhy-medeni ýadygärliklere tanyşdyryş gezelençleriniň, arheologlar bilen duşuşyklaryň, maslahatlaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Iýul aýynyň dowamynda höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Arkadag, Aşgabat şäherleri, Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlarynyň, zenanlaryň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň we serginiň geçirilmegi hem meýilleşdirilýär.
Bu barada 20-nji iýunda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.