Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjana döwlet saparyny amala aşyrar

14

Ýakynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýakyn hyzmatdaş goňşy döwletleriniň biri bolan Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrar.

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan gününden bäri iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeniýet, ylym-bilim we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk üstünlikli alnyp barylýar. Döwletara gatnaşyklaryň hukuk binýady häzirki günde ikitaraplaýyn gol çekilen 124 sany döwletara, hökümetara we pudagara resminamalary özünde jemleýär. Iki ýurduň Prezidentleriniň saparlary we ýokary derejedäki duşuşyklary hyzmatdaşlygy ösdürmekde esasy şert bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejede resmi we iş saparlarynyň jemi 16-synyň amala aşyrylandygy bellenildi. Şeýle hem hökümetleriň derejesinde we daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklar alnyp barylýar.
Türkmenistan hem Azerbaýjan halkara guramalaryň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Iki ýurt birek-biregiň Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýarlar. Iki döwlet köptaraplaýyn formatlaryň çäginde hem ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler. Bu babatda «Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe», «Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan» formatlaryny hem-de Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny mysal görkezmek bolar.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk babatda aýdylanda, iki ýurduň arasyndaky daşary söwda dolanyşygynyň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-azerbaýjan hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen bir hatarda, energetika, ulag-logistika, aragatnaşyk, oba hojalygy, senagat, dokma we azyk senagaty hem-de beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary alnyp barylýar.
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk hem işjeň ösdürilýär. Iki ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda medeniýet, sungat, ylym, bilim, sport we beýleki ugurlar boýunça dürli çäreler yzygiderli geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň netijeleriniň iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we ony hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berer.
Bu barada 20-nji iýunda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi.