Müsüriň ýygyndysy ilkinji gezek toparçadan çykdy

11

Dünýä Kubogynda 3-nji duşuşyklar tamamlanyp barýar we 1/16 finalçylaryň köpüsi belli boldy. “G” toparçada Belgiýanyň ýygyndysy Wankuwerde Täze Zelandiýanyň milli toparyndan 5-1 hasabynda üstün çykdy. Ýewropalylara ýeňiş getiren gollary Trossard (28, 50), De Bruýne (66), Lukaku (86) hem-de Salemakers (90+4) geçirdi. Ilkinji 2 oýny deňlikde tamamlan Belgiýanyň ýygyndysy 1/16 finala çykmagy başardy. Täze Zelandiýa bolsa çempionat bilen hoşlaşdy.

Toparçadaky beýleki oýunda Eýran bilen Müsüriň ýygyndylary 1-1 hasabynda deňme-deň oýnady. Müsürde Saberiň 5-nji minutdaky goluna 14-nji minutda Rezaeian jogap berdi. Duşuşykda Eýranyň ýygyndysynyň hüjümçisi Mehdi Taremi penaltini dürs urup bilmedi. Şeýle-de, oýnuň iň soňky minutlarynda eýranlylaryň geçiren goly ofsaýd sebäpli hasaba alynmady.

Şunlukda, bu toparçada Belgiýanyň ýygyndysy 5 utuk bilen 1-nji orny eýeledi. Başga bir 5 utukly Müsüriň ýygyndysy bolsa gol aratapawudy bilen 2-nji orna mynasyp boldy. 2 toparam 1/16 finala çykyp, Müsüriň ýygyndysy ilkinji gezek şeýle şatlykly pursatly başdan geçirýär.

Eýranyň ýygyndysy bolsa 3 oýunda-da deňme-deň oýnady. Olaryň gol aratapawudy 0 bolup, 1/16 finala çykmak mümkinçiligi dowam edýär. Galan 3 toparçadaky oýunlardan soň Eýranyň ýygyndysynyň ýaryşy dowam edip-etmejekdigi belli bolar.