Dünýä Kubogy indi başlanýar – 1/16 finalyň duşuşyklary

7

Dünýä Kubogy 2026-da toparçalardaky duşuşyklar tamamlanyp, köpler üçin esasy çempionat mundan soň bolar. Gatnaşan 48 klubuň 32-si ýaryşy dowam edip, 16-sy üçin çempionat tamamlandy.

32 topar 1/8 finala çykmak üçin göreşer we 6 günläp dowam etjek bu tapgyryň ilkinji duşuşygy şu gije oýnalar. 1/16 finalyň ilkinji oýny Günorta Afrika bilen ýer eýelerinden Kanadanyň arasynda geçiriler we duşuşyga portugaliýaly Žoao Pineiro eminlik eder.

Tapgyryň iň ünsi çekýän duşuşyklary hökmünde Niderlandlar – Marokko, Braziliýa – Ýaponiýa, Portugaliýa – Horwatiýa, Fransiýa – Şwesiýa oýunlary hasaplanýar.

29-njy iýun (duşenbe)

Günorta Afrika – Kanada (şu gije 00:00) – SoFi Stadium

Braziliýa – Ýaponiýa (22:00) – NRG Stadium


30-njy iýun (sişenbe)

Germaniýa – Paragwaý (01:30) – Gillette Stadium

Niderlandlar – Marokko (06:00) – Estadio BBVA

Kot-d’Iwuar – Norwegiýa (22:00) – AT&T Stadium


1-nji iýul (çarşenbe)

Fransiýa – Şwesiýa (02:00) – MetLife Stadium

Meksika – Ekwador (06:00) – Estadio Azteca

Angliýa – Kongo DR (21:00) – Mercedes-Benz Stadium



2-nji iýul (penşenbe)

Belgiýa – Senegal (01:00) – Lumen Field

ABŞ – Bosniýa we Gersegowina (05:00) – Levi’s Stadium



3-nji iýul (anna)

Ispaniýa – Awstriýa (00:00) – SoFi Stadium

Portugaliýa – Horwatiýa (04:00) – BMO Field

Şweýsariýa – Alžir (08:00) – BC Place

Awstraliýa – Müsür (23:00) – AT&T Stadium


4-nji iýul (şenbe)

Argentina – Kabo Werde (03:00) – Hard Rock Stadium

Kolumbiýa – Gana (06:30) – Arrowhead Stadium