Afrikalylaryň diňe biri öýüne dolandy

4

Şu gijeden başlap utulan toparyň öýüne gaýtjak çempionatynda 1/16 finala çykan 32 toparyň tas üçden birine golaýy Afrika wekilçilik edýär. Ilkinji gezek 10 ýygyndy bilen wekilçilik eden Afrika yklymynyň diňe 1 topary toparçadan çykyp bilmedi. Ýagny toparçada 3 duşuşykda-da uly hasaplar bilen asgyn gelip, Tunisiň ýygyndysyna yklymdaşlary ýaly ýaryşy dowam etdirmek hukugyny gazanmak başartmady.

Ilkinji gezek gatnaşýan Kabo Werdeniň ýeke oýunda ýeňiş gazanmasa-da, şol bir wagtyň özünde 52 ýyldan soň gatnaşýan Kongo DR-niň ýygyndysy hem 1/16 finala çykmagy garaşylmadyk waka boldy.

Edil Kabo Werde, Kongo DR ýaly, Günorta Afrikanyň, Kot-d’Iwuaryň, Müsüriň ýygyndylary ilkinji gezek toparçadan çykmagy başardy.

1/16 finala çykan 9 Afrika wekiliniň 5-si toparçada 2-nji, 4-si 3-nji ýeri eýeledi.

 

1/16 finala çykan Afrika wekilleri: Günorta Afrika, Marokko, Kot-d’Iwuar, Müsür, Kabo Werde, Senegal, Alžir, Kongo DR, Gana