Dünýä Kubogynda şowsuz netije alan toparlaryň biri-de Günorta Koreýanyň ýygyndysy boldy. Aziýa yklymynyň öňdebaryjy futbol topary bolan koreýleriň iň bolmanda toparçadan çykmagyna garaşylýardy. Ýöne “A” toparçada o diýen güýçli bolmadyk toparlar bilen duşuşan koreýler diňe 1 oýunda ýeňiş gazandy. Çehleri 2-1 hasabynda ýeňen koreýler ýer eýesi meksikanlardan, şol sanda Günorta afrikalylardan 1-0 hasabynda asgyn geldi. Bu netijelerden soň olara 3-nji ýeri eýelänleriň arasynda iň gowy 8-lige düşmek başartmady.
Bu şowsuzlykdan soň toparyň tälimçisi Hon Mýon Bo wezipesini taşlady. Ol şowsuzlyk üçin ähli halkdan ötünç soraýandygyny, bar jogapkärçiligi öz üstüne alýandygyny aýtd. 57 ýaşyndaky ozalky futbolçy 2024-nji ýylyň iýulynda bu wezipä bellenipdi. Koreýler onuň tälimçiliginde 26 oýunda 15 ýeňiş gazanyp, 6 gezek utuldy (5 deňlikde).
Koreýleriň çempionatda garaşylmadyk şowsuzlygyndan soň ýurduň Prezidenti Li Çže Men öz nägileligini bildirdi. Ol ýurduň degişli ministrliginiň ýolbaşçysyna ýagdaýy düýpli seljermegi hem-de gaýtalanmazlygy üçin ähli tagallalaryň edilmeginiň zerurdyny tabşyrdy.
PDF









