Dünýäniň dürli ýerlerinde dürli milletlerdir halkyýetler ýaşaýar. Ýer ýüzünde 6-7 müň diliň bardygy çaklanylýar. Dilleriň köpüsi millionlarça adamyň ene dili hasaplansa, käbir dilde gepleşýänleriň sany örän az. ÝUNESKO ýitmek howpy bolan dilleriň öwrenilmegi, ýazuw çeşmeleriniň saklanylmagy we döredilmegi üçin iş alyp barýar. Guramanyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda bar bolan dilleriň 96 göteriminde dünýä ilatynyň 3 göterimi gepleşýär. Käbir dili bilýän ýaş nesliň sany azalýar. Islendik bir diliň ýitmegi şol dilde gepleşýänleriň medeniýetine-de täsir edýär. Şol sebäpli soňky ýyllarda dilleri öwrenmek boýunça has köp işler durmuşa geçirilýär. Golaýda ÝUNESKO ýitip barýan dilleriň täze sanawyny taýýarlady. Sanawda diller bäş ugra bölünipdir: gowşak (çagalaryň köpüsi bu dilde gepleşýär, emma çäkli ýerde), anyk howpa uçran (howp astynda, çagalar öýde ene dillerini öwrenmeýär), çynlakaý howpa uçran (ýaşuly nesil öz aralarynda gepleşýär, ene-atalar düşünýär emma çagalary bilen gürleşmeýär), ýitmek çägine golaý (diňe ýaşulular käwagt öz aralarynda gepleşýär) we öçügsi (indi gepleşilmeýär). Sanawda az sanly adamyň sözleşýän käbir dili anyk gowşak sanawdan howpa uçran sanawa geçirildi.