Peruda Prezident saýlawlary

11

Peruda geçirilen Prezident saýlawlarynda sagçylaryň «Halk güýji» partiýasynyň dalaşgäri Keýko Fuhimori sesleriň ýarysyndan gowragyny gazanyp, ýeňiş gazandy. Ýurduň Saýlaw proseslerini gurnamak boýunça milli müdirliginiň (ONPE) sesleriň 100 göterimini sanandan soňra yglan eden resmi netijelerine görä, Keýko Fuhimori saýlawçylaryň 50,135 göteriminiň (9 million 223 müň 396 ses) sesini almagy başardy.
Onuň esasy bäsdeşi, çepçileriň «Peru bilen bilelikde» partiýasynyň wekili Roberto Sançes bolsa, 49,865 göterim ses (9 million 173 müň 755 ses) toplady. Ýeňiş gazanan Keýko Fuhimori 1990-2000-nji ýyllar aralygynda Peruny dolandyran ozalky Prezident Alberto Fuhimoriniň gyzydyr. Milli saýlaw toparynyň başlygy Roberto Burneonyň habar bermegine görä, ýurtda geçirilen saýlawlaryň gutarnykly resmi netijeleriniň şu hepdäniň içinde doly mälim edilmegine garaşylýar.