Dünýä Kubogynyň 1-nji uly garaşylmadyk netijesi: Paragwaý Germaniýany ýaryşdan çykardy

6

Dünýä Kubogynyň 1/16 finaldaky ilkinji garaşylmadyk, sýurpriz netijesi hasaba alyndy. Bostondaky Gillette Stadium-da oýnalan duşuşykda Germaniýanyň ýygyndysy bilen Paragwaýyň ýygyndysy duşuşdy.

Duşuşygyň 1-nji ýarymynyň ahyrynda paragwaýlylar owadan geçirilen paslaşyklardan soň Hulio Sezar Ensisonyň goly bilen hasaby açdy. Bu gola nemesler 2-nji ýarymyň başlarynda jogap berdi. 54-nji minutda Wirtsiň ajaýyp pasynda topy kellesi bilen uran Kai Hawerts hasaby deňledi. Şondan soň Germaniýanyň ýygyndysy hüjümleriniň sanyny artdyrsa-da, olara öňe saýlanmak başartmady. Duşuşygyň esasy wagty 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Goşmaça wagtda Jonatan Tanyň geçiren goly oýnuň düzgüniniň bozulandygy sebäpli hasaba alynmady. Şunlukda, ýeňijini penaltiler kesgitlemeli edildi.

Bu urgulara nemesler başlap, Hawertsiň urgusyny derwezeçi Orlando Hill saklady. Paragwaýlylar yzly-yzyna 3 urguny dürs ýerine ýetirdi (Maurisio, G. Gomes, Kalarza). Nemeslerde-de Kimmih bilen Musialanyň urgusy tora girdi. Woltamedeniň urgusy bolsa dürs bolmady. Ýene-de derwezeçi Hill saklamagyň hötdesinden geldi. 4-nji urguda Paragwaýdan Sanabriýanyň urgusyny Noýer saklady. 5-nji urgularda Amiri hasaby deňledi. Paragwaýyň 5-nji urgusyny bolsa Balbuena ýerine ýetirdi, ýöne oýnuň iň soňky minutlarynda ýörite penalti üçin giren bu oýunçynyň urgusy dürs bolmady. Netijede, Germaniýanyň ýygyndysyna ýaryşy dowam etdirmek üçin mümkinçilik boldy. Ýöne Jonatan Ta topy al-asmana ugratdy. Paragwaýda bolsa Kanaleniň urgusy dürs boldy. Netijede, Germaniýanyň ýygyndysy penaltileriň netijesinde Paragwaýdan 4-3 hasabynda utulyp, ýaryşdan çykdy.

Çempionlykdan soň yzly-yzyna 2 gezek toparçadan hem çykyp bilmedik Germaniýa bu gezek 1/16 finala adyny ýazdyrsa-da, 1/8 finalda oýnamak olara başartmady. Dünýä Kubogynyň taryhynda ilkinji gezek penaltileriň netijesinde utulan Germaniýa 50 ýyldan soň uly ýaryşda penaltilerden soň öýlerine gaýdýar. Olar soňky gezek 1976-njy ýylda Ýewropa çempionatynda penaltileriň netijesinde ýeňlipdi.

2010-njy ýylda çärýek finala çenli çykan Paragwaý şol başarnygyny gaýtalamak üçin ilkinji möhüm ädimi ätdi. Paragwaýyň ýygyndysy indik tapgyrda Fransiýanyň ýa-da Şwesiýanyň ýygyndysy bilen duşuşar.