Strategik özgertmeleriň amala aşyrylmagy: HYYwÖU-da täze tapgyryň ilkinji ädimleri

8

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary bilim ulgamy özüniň täze, taryhy ösüş tapgyryny başdan geçirýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» milli bilim nusgasyny dünýä standartlaryna laýyk getirmekde we bäsleşige ukyply hünärmenleri ýetişdirmekde anyk ugurlary kesgitledi. Bu strategik resminamada goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýerine ýetirilýän işler, bilimiň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak hem-de halkara hyzmatdaşlygy täze sepgitlere götermek ugrunda uly wezipeleriň üstünlikli berjaý edilýändigini görkezýär.
Strategiýanyň esasy ugurlarynyň biri ýokary okuw mekdepleriniň halkara derejede ykrar edilmegini we dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri bilen bäsleşige ukyplylygyny üpjün etmekdir. Şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň dünýä reýtinglerine ugrunda işjeň anyk wezipeler öňde goýuldy.
Şu maksat bilen, uniwersitetimiz tarapyndan halkara gatnaşyklary we akademiki tejribe alyşmagy giňeltmek boýunça yzygiderli ädimler ädilýär. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde, uniwersitetimiziň daşary ýurt ylym-bilim edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňelmegi, şeýle-de täze taryhy resminamanyň anyk amala aşyrylyş tapgyry hökmünde Finlýandiýanyň HAUS Döwlet dolandyryş instituty hem-de Laurea Amaly ylymlar uniwersiteti bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly Hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama gol çekilmegini görkezmek bolar. Bu ylalaşyklar diňe bir talyplaryň we mugallymlaryň hünär kämilleşdiriş okuwlaryny däl, eýsem sanly bilim tehnologiýalaryny we bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny durmuşa geçirmäge uly itergi berýär.
2026-njy ýylyň meýilnamasyna laýyklykda, bilim işini sanly ulgama geçirmek, innowasion çemeleşmeleriň we daşary dilleri özleşdirmegiň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak işleri uniwersitetiň her bir bölüminde dowam edýär. Esasanam, ylmyň we zähmet bazarynyň özara baglanyşygyny üpjün etmek maksady bilen, talyplaryň amaly ukyplaryny we döredijilik pikirlenmesini ösdürmäge gönükdirilen çäreler guralýar.
Ýokary okuw mekdebi tarapyndan geçirilen «Intelligent Youth» (Zehinli ýaşlar) atly bäsleşigi we yzygiderli geçirilýän internet olimpiadalary ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň daşary dillerde erkin gürlemek, öz garaýyşlaryny ylmy esasda beýan etmek ukyplaryny ýüze çykardy. Şeýle hem, mugallymlarymyzyň we hünärmenlerimiziň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy bilim merkezlerinde tejribe almagy, uniwersitetde dolandyryş hem-de institusional meýilleşdiriş usullarynyň halkara talaplara laýyk kämilleşdirilýändigini subut edýär.
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ösüşlere beslenýän ylym-bilim ýoly döwletimiziň innowasion ösüşinde zähmet serişdeleriniň hil görkezijileriniň ýokarlandyrmagyna getirýär. «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» birinji ýylynyň meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barlan bu işler köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem-de uniwersitetiň metbugat gullugy tarapyndan giňden şöhlelendirilýär. Öňde goýlan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, döwrebap innowasion usullary okuw-terbiýeçilik we ylym-hünär işlerine giňden ornaşdyrmak uniwersitetimiziň öňündäki esasy borç we maksat bolup galýar. «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» birinji ýylynyň meýilnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça ýokary okuw mekdebimiz tarapyndan amala aşyrylýan her bir täzelik döwletimiziň bilim syýasatynyň subutnamasydyr. Milli bilimiň gözýetimlerini giňeldýän bu özgertmeler, ýurdumyzyň durnukly ösüşine we geljegiň ýokary hünärli hünärmenleriniň kemala gelmegine goşant goşýar.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti