Ýewropada gözegçilikleriň taryhynda iň güýçli aşa yssy howa akymy hasaba alnyp, onuň netijesinde pida bolanlaryň sany 1300 adamdan geçdi. Häzirki wagtda yssy howa tolkuny yklymyň gündogaryna — Balkan ýurtlaryna we Ukraina tarap süýşýär. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) maglumatlaryna görä, 21-nji iýundan bäri aşa gyzgyn howa şertleri sebäpli ýüze çykan agyr ýagdaýlar, şol sanda gün urmalary köp sanly adamyň ömürleriniň gysgalmagyna getirdi. Merkezi we Gündogar Ýewropada 130 milliondan gowrak ilat 35 gradusdan ýokary gyzgynlyga sezewar boldy.
Geçen dynç alyş günlerinde Çehiýada (41,9 °C), Germaniýada (41,7 °C), Polşada (40,5 °C) we Ispaniýada (43,7 °C) taryhy rekordlar täzelendi. Has köp pida çeken ýurtlaryň biri bolan Fransiýada iýun aýynyň ahyryndan bäri 1000-e golaý goşmaça ölüm ýagdaýy hasaba alyndy. Dürli döwletleriň häkimiýet organlary adatdan daşary çäreleri görýärler: Fransiýada we Belgiýada köpçülikleýin çäreler goýbolsun edildi ýa-da yza süýşürildi, Germaniýanyň polisiýasy bolsa köçelerde adamlary sowatmak üçin suw pürküji ulaglary ulanýar. Ýewropadaky binalaryň diňe 20 göteriminde sowadyjylaryň bardygy we köp ýaşaýyş jaýlaryň ýylylygy saklamak üçin gurulmagy ýagdaýy has-da kynlaşdyrýar.
Häzirki wagtda yssy howa akymy Wengriýa, Serbiýa, Rumyniýa, Horwatiýa we Awstriýa çynlakaý täsirini ýetirip, Bosniýada we Albaniýada 40 gradusa çenli gyzgynlygyň bolmagyna hem-de uly ýangynlaryň döremegine getirdi. Sinoptikleriň çaklamalaryna görä, ýakyn günlerde howanyň gyzgynlygy ýene-de saklanyp, soňra gündogara – Türkiýä we Merkezi Aziýa tarap süýşer.
Bilermenleriň anyklamagyna görä, bu tebigy hadysa Demirgazyk Afrikadan gelen gyzgyn we gury howanyň Ýewropanyň üstünde saklanmagyna sebäp bolan “omega blogy” diýlip atlandyrylýan atmosfera şertleri bilen baglanyşyklydyr. Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň habar bermegine görä, Ýewropa dünýäde iň çalt gyzýan yklym bolup, soňky 50 ýylda bu ýerdäki ortaça temperatura 2 gradus töweregi ýokarlandy. Alymlar bu irki aşa yssylygyň dünýädäki global klimatyň üýtgemegi bilen gönüden-göni baglydygyny we geljekde şular ýaly ýagdaýlaryň has ýygy gaýtalanjakdygyny duýdurýarlar.
PDF









