Türkmenbaşy halkara deňiz portuna täze “Dostluk” tankeri gelip gowuşdy

5

Nebit önümlerini daşamak üçin niýetlenen «Dostluk» atly täze tanker Türkmenbaşy halkara deňiz portuna gelip gowuşdy. Bu gämi Azerbaýjanyň Türkmenistana beren gymmatly sowgady diýip, Türkmenistan Halkara habarlar portaly 28-nji iýunda habar berdi.
Täze gäminiň gelmegi mynasybetli portda dabaraly çäre guraldy. Tankeri garşylamak üçin kenarda port gulluklarynyň wekilleri, resmi wekiller, ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar. Milli saz gurallarynyň owazy astynda duralgada türkmen döredijilik toparlary we tans ansambllary çykyş etdiler. Myhmansöýerligiň däbine görä, gäminiň ekižasy milli nygmatlar bilen garşylandy.
«Dostluk» tankeri türkmen tarapyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda Baku şäherine amala aşyran döwlet saparynyň barşynda gowşurylypdy.
Türkmenistanyň söwda flotuny berkitmäge gönükdirilen bu gämi Bakunyň gämi gurluşyk zawodynda guruldy. Tanker ekologiýanyň ähli häzirkizaman ülňülerine we deňizde ýüzmegiň howpsuzlyk talaplaryna doly jogap berýär. Gäminiň uzynlygy 141 metr, ini 17 metr, ýük göterijiligi bolsa takmynan 8 müň tonna barabar. Gämi Hazar deňzinde we onuň çäklerinden daşary çig nebiti we dürli nebit önümlerini daşamak üçin niýetlenendir.
Gäminiň ady halklaryň dostlugyny alamatlandyrýar we iki ýurduň bilelikde özleşdirýän adybir uglewodorod ýatagynyň ylalaşygyna salgylanýar.
Täze tanker ýakyn günlerde özüniň ilkinji täjirçilik gatnawlaryna başlap, sebitiň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegine öz goşandyny goşar.