Şu gün Bakuda geçirilen türkmen-azerbaýjan gepleşikleri tamamlanandan soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň we resmi wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda «Zagulba» köşgüniň ýörite otagynda wideoaragatnaşyk arkaly «Dostluk» nebit tankeriniň gowşurylmagyna bagyşlanan dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda oňa gatnaşyjylary Azerbaýjan Respublikasynyň sanly ösüş we ulag ministri R.Nabiýew “Dostluk” nebit tankeri barada maglumat bilen tanyşdyrdy. Tanyşlykdan soňra döwlet Baştutanlary öňlerinde gurnalan ýörite düwmä basmak arkaly tankeri herekete girizdiler. Monitorda tankeriň ýüzüşe goýberilişi wideoaragatnaşyk arkaly görkezildi. Gysga wideoşekil tamamlanandan soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti tankeriň degişli şahadatnamasyny dabaraly el çarpyşmalar astynda hormatly Prezidentimize gowşurdy.
PDF









