Watan goragy – merdanalygyň milli mekdebi

5

1-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi.

Il­ki bi­len, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýe­we söz be­ril­di. Ol 2026-njy ýy­lyň ge­çen al­ty aýyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­ni ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň go­ra­nyş uky­by­ny pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp bar­lan iş­ler, no­bat­da­ky har­by gul­lu­ga ça­gyr­mak möw­sü­mi­niň ne­ti­je­le­ri, har­by gul­luk­çy­la­ryň gul­luk we ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak ba­bat­da gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­ni has-da kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri mun­dan beý­läk-de do­wam et­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly baý­ra­my­nyň ýo­ka­ry de­re­je­de bel­le­nil­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ni aýt­dy we Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri­ne da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şe taý­ýar­lyk gör­me­gi hem-de ony ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.
Baş pro­ku­ror B.Mu­ha­me­dow ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­rin­de ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler, hu­su­san-da, ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne ge­çi­ri­len pro­ku­ror gö­zeg­çi­li­gi­niň ne­ti­je­le­ri, bu dü­zü­mi ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de pro­ku­ra­tu­ra eda­ra­la­ry­na öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň äh­li pu­dak­la­ryn­da ka­nun­la­ryň we hu­kuk na­ma­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne gö­zeg­çi­lik et­mek, döw­let hem-de jem­gy­ýet­çi­lik bäh­bit­le­ri­ni, ra­ýat­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny, azat­lyk­la­ry­ny go­ra­mak bi­len bag­ly iş­le­ri do­wam et­dir­mek ba­bat­da bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Içe­ri iş­ler mi­nist­ri M.Hy­dy­row şu ýy­lyň ýan­war – iýun aý­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, şol san­da ýur­du­myz­da jem­gy­ýet­çi­lik ter­ti­bi­ni, ýan­gyn howp­suz­lyk ka­da­la­ry­nyň ber­jaý edi­li­şi­ni üp­jün et­mek, ýol-ulag ha­dy­sa­la­ry­nyň öňü­ni al­mak mak­sa­dy bi­len gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da ka­nun­çy­ly­gy üp­jün et­mek we düz­gün bo­zul­ma­la­ryň öňü­ni al­mak ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri do­wam et­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di hem-de mi­nist­re ýol he­re­ke­ti­niň düz­gün­le­ri­niň, to­mus möw­sü­min­de ho­wa­nyň gyz­ma­gy bi­len bag­ly­lyk­da, ýan­gyn howp­suz­lyk ka­da­la­ry­nyň ber­jaý edi­li­şi­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.
Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy B.Ho­jam­gu­ly­ýew ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­zü­mi ta­ra­pyn­dan şu ýy­lyň al­ty aýyn­da de­giş­li ösüş mak­sat­na­ma­syn­da göz öňün­de tu­tu­lan we­zi­pe­le­riň, ka­zy­ýet işi­ni döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da gu­ra­mak bo­ýun­ça döwlet Baş­tu­ta­ny­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi, ka­zy­ýet eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň bäh­bit­le­ri­ni go­ra­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­le­ri alyp bar­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di we bu ba­bat­da bir­nä­çe gör­kez­me­le­ri ber­di.
Mil­li howp­suz­lyk mi­nist­ri D.Me­re­dow şu ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da döw­le­ti­mi­ziň mil­li bäh­bit­le­ri­ni go­ra­mak, ýur­du­myz­da dur­nuk­ly­ly­gy hem-de asu­da­ly­gy üp­jün et­mek bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, mi­nistr­lik ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri mun­dan beý­läk-de ne­ti­je­li do­wam et­dir­me­giň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di we bu ba­bat­da bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy I.Ila­ma­now ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­zü­min­de şu ýy­lyň ýan­war – iýun aý­la­ryn­da Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des ser­het­le­ri­niň go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek, ser­het bi­rik­me­le­ri­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, har­by gul­luk­çy­la­ryň gul­luk we ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, Garaşsyz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň ser­he­di­niň dost-do­gan­lyk ser­he­di­di­gi­ni bel­le­di hem-de ser­het go­şun­la­ry­ny ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, ser­het­le­ri­mi­ziň go­rag­ly­ly­gy­ny yzy­gi­der­li üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy.
Ada­lat mi­nist­ri M.Ta­ga­now mi­nistr­li­gi ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de şu ýy­lyň al­ty aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, hu­su­san-da, mil­li hu­kuk bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le-de dü­zü­miň iş­gär­le­ri­niň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni or­naş­dyr­mak ug­run­da al­nyp bar­lan iş­ler ba­ra­da aý­dyl­dy.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Belent Serkerdebaşysy ha­sa­ba­ty diň­läp, mil­li ka­nun­çy­lyk ul­ga­my­ny hal­ka­ra öl­çeg­le­re la­ýyk­lyk­da kä­mil­leş­dir­mek we ra­ýat­la­ra ka­nun­çy­ly­gy dü­şün­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri do­wam et­dir­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny aýt­dy hem-de ýur­du­myz­da ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­nyň ka­nun­çy­ly­ga do­ly la­ýyk gel­me­gi­ne yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik et­me­gi tab­şyr­dy.
Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy M.Hu­daý­ku­ly­ýew ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­zü­mi ta­ra­pyn­dan şu ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da ama­la aşy­ry­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, gul­lu­gyň işi­ne öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­gyň ha­sa­by­na güm­rük amal­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Belent Serkerdebaşysynyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, güm­rük no­kat­la­ryn­da güm­rük düz­gün­le­ri­niň ber­jaý edi­li­şi­ne gö­zeg­çi­lik et­me­giň, bu ugur­da öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni we iş usul­la­ry­ny yzy­gi­der­li or­naş­dyr­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di hem-de bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.
Döw­let mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy A.Sa­za­kow gul­lu­gy ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, gul­lu­gyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp bar­lan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Serkerdebaşysy ha­sa­ba­ty diň­läp, mig­ra­si­ýa ka­nun­çy­ly­gy­nyň ber­jaý edi­li­şi­ne yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik et­me­giň we ýo­ka­ry hil­li mig­ra­si­ýa hyz­mat­la­ry­ny üp­jün et­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny aýt­dy hem-de bu ba­bat­da gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy­na bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­na ýüz­le­nip, Türk­me­nis­ta­nyň di­ňe go­ra­nyş hä­si­ýet­li Har­by dokt­ri­na­sy­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bitarap döw­le­ti­mi­ziň howp­suz­ly­gy­ny we çäk bi­te­wü­li­gi­ni ýo­ka­ry de­re­je­de üp­jün et­mek, ýur­du­my­zyň go­ra­nyş uky­by­ny pug­ta­lan­dyr­mak, Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň, ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni we bu ugur­da­ky iş­le­riň gel­jek­de-de do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy.