Gämi gatnawy üçin kanal gurlar

4

Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty Pa­ri­ži ke­sip geç­ýän Se­na der­ýa­syn­dan Uaza der­ýa­sy­na çen­li ka­nal gur­lar. Bu tas­la­ma gä­mi­ler ar­ka­ly ýük we ýo­lag­çy gat­na­wy­ny ýe­ňil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len dur­mu­şa ge­çi­ri­ler. Je­mi uzyn­ly­gy 107 ki­lo­metr bol­jak ka­na­ly gur­mak üçin 7,3 mil­liard ýew­ro pul se­riş­de­si sarp edi­ler. Se­na-De­mir­ga­zyk Ýew­ro­pa ka­na­ly at­ly tas­la­ma Pa­riž­den Bel­gi­ýa­da­ky, Ger­ma­ni­ýa­da­ky hem-de Ni­der­land­lar­da­ky giň suw gat­naw ýol­la­ry­na çyk­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.
Tas­la­ma dur­mu­şa ge­çi­ri­len­den soň­ra, aw­to­mo­bil ýo­ly ar­ka­ly da­şal­ýan ýü­küň möç­be­ri aza­lar. Bu bol­sa, ýü­küň has ýa­kyn ýol­dan da­şal­ma­gy­na, ho­wa goý­be­ril­ýän zy­ýan­ly gaz­la­ryň möç­be­ri­niň azal­­ma­gy­na ge­ti­rer. Ka­na­lyň 2032-nji ýy­la çen­li gur­lup ulan­ma­ga be­ril­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Ka­nal ar­ka­ly Ant­wer­pen hem-de Rot­ter­dam port­la­ry­na çy­kyp bo­lar.

Gurban Mämmedow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.