Fransiýanyň paýtagty Pariži kesip geçýän Sena derýasyndan Uaza derýasyna çenli kanal gurlar. Bu taslama gämiler arkaly ýük we ýolagçy gatnawyny ýeňilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçiriler. Jemi uzynlygy 107 kilometr boljak kanaly gurmak üçin 7,3 milliard ýewro pul serişdesi sarp ediler. Sena-Demirgazyk Ýewropa kanaly atly taslama Parižden Belgiýadaky, Germaniýadaky hem-de Niderlandlardaky giň suw gatnaw ýollaryna çykmaga mümkinçilik berer.
Taslama durmuşa geçirilenden soňra, awtomobil ýoly arkaly daşalýan ýüküň möçberi azalar. Bu bolsa, ýüküň has ýakyn ýoldan daşalmagyna, howa goýberilýän zyýanly gazlaryň möçberiniň azalmagyna getirer. Kanalyň 2032-nji ýyla çenli gurlup ulanmaga berilmegine garaşylýar. Kanal arkaly Antwerpen hem-de Rotterdam portlaryna çykyp bolar.
Gurban Mämmedow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
PDF









