Hytaý elektrik energiýasynyň önümçiligini, infrastrukturasyny we arassa energiýa pudagyny ösdürmek maksady bilen ummasyz maýa goýum goýar. Ýurtda 2030-njy ýyla çenli bu pudakda 20 trillion ýuan (2,9 trillion amerikan dollary) maýa goýum özleşdiriler. Bu görkezijiniň 65 göterimi elektrik energiýasynyň önümçilik desgalary, 25 göterimi infrastruktura, 10 göterimi bolsa, «ýaşyl» wodorod we ýokary tehnologiýa talap edýän energiýa ulgamlary üçin sarp ediler.
Maglumatlara görä, şu ýylyň maý aýynda ýurduň önümçilik kuwwaty 4 terawatdan geçipdir. 2030-njy ýyla çenli bu görkezijiniň 5,4 terawata ýetmegine garaşylýar. Täze guruljak desgalaryň arasynda arassa energiýa çeşmelerine hem uly orun degişli bolar. Gün we ýel energiýasy umumy öndürilýän elektrik energiýasynyň 50 göteriminden geçer.
Şeýle hem elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar üçin güýçli infrastruktura dörediler. Geçen ýylyň ahyryndaky ýagdaýa görä,
44 million bolan täze energiýaly ulaglaryň (NEV) sany 2030-njy ýylda
110 milliona, zarýad beketleriniň sany 22,5 milliondan 40 milliona ýetiriler. 2030-njy ýyldan soňra kömrüň sarp edilişi azalyp başlar.
Güljeren Babaýewa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
PDF









