Ilkinji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşýan Kabo Werdeniň ýygyndysy taryhy, asyryň sýurprizi boljak ýeňşiň bosagasyndan gaýtdy. 1/16 finalda soňky çempion Argentina bilen duşuşan Kabo Werde güýçli garşydaşyna iş berdi. Tangoçylara debýutanty ýeňmek ýeňil düşmedi.
Duşuşygyň 29-njy minutynda Lionel Messi hasaby owadan gol bilen açdy. Bu onuň şu çempionatdaky 7-nji, umumylykda-da Dünýä Kubogyndaky 20-nji goly boldy. Messi Dünýä Kubogynda bassyr 8 duşuşykda gol geçiren ilkinji futbolçy bolmagy başardy. Oýnuň 2-nji ýarymyna yzygiderli hüjümler bilen Kabo Werdeniň ýygyndysy, 59-njy minutda doganlar Duarteleriň ulusy Deroý Duarte holy bilen hasaby deňledi.

Kabo Werdeniň 40 ýaşyndaky derwezeçisi Wozinýa öňki oýunlarda bolşy ýaly, 8 seýw bilen ýene-de erjellik görkezdi. Duşuşygyň esasy wagty 1-1 deňlikde gutardy.
Goşmaça 30 minutyň ilkinji pursatlarynda, ýagny 92-nji minutda Lisandro Lopes argentinleri öňe geçirdi. Bu gola afrikalylar diýseň ajaýyp gol bilen jogap berdi. 103-nji minutda jerime meýdançasynyň uzak burçundan topy aýlap derwezä gönükdiren Sidni Lopes Kabral hasaby deňledi. Oýnuň 111-nji minutynda Messiniň burçdan ýerine ýetiren urgusynda top ilki Romero, soňra Kabo Werdeniň oýunçysy Sançes Boržes Dineýe degip, tora girdi. FIFA bu goly awtogol hökmünde hasaba aldy. Awtogol bolmadyk bolan ýagdaýynda, Messi Dünýä Kubogyndaky 9-njy asistini edip, Maradonanyň rekordyny täzelemelidi.
Galan minutlarda Kabo Werdeniň oýunçylary hasaby deňlemek üçin ýiti göreş alyp bardylar. Ýöne bu gezek 3-nji goly geçirmek başartmady.

Argentinanyň ýygyndysy 15-nji gezek 1/8 finala çykyp, olar bu tapgyrda Afrikanyň başga bir wekili Müsüriň ýygyndysy bilen duşuşar.
PDF









