Hemmämize mälim bolşy ýaly, şu ýylyň noýabr aýynda ABŞ-da prezident saýlawy geçirilýär. Ol saýlaw, esasan hem, Demokrat partiýasy bilen Respublikan partiýasynyň dalaşgärleriniň arasynda geçirilýärdi. Ýöne bu gezek saýlawa Libertarian partiýasy hem öz dalaşgärini hödürledi. Nýu-Meksika ştatynyň öňki gubernatory Geri Jonson bu partiýadan dalaşgär hökmünde görkezildi. Bu barada “Associated Press” habarlar gullugy habar berýär.
63 ýaşyndaky Jonson partiýasynyň 29-njy maýdaky mejlisinde prezident saýlawyna dalaşgär hökmünde görkezildi. Ol 1995-2003-nji ýyllar aralygynda Nýu-Meksikanyň gubernatory boldy. Şol döwürde ol Respublikan partiýasynyň agzasydy. Mundan ozal, ol işewürlik işleri bilen meşgullanyp, ABŞ-nyň iri gurluşyk kompaniýalarynyň biriniň eýesidi. 2012-nji ýylda ol Libertarian partiýasynyň düzümine goşuldy.
Libertarian partiýasy 1972-nji ýyldan bäri prezident saýlawyna gatnaşyp gelýär, ýöne şu wagta çenli bu ugurda üstünlik gazanyp bilmedi. 1980-nji ýylda iň ýokary netije gazanyldy. Şol döwürde bu partiýanyň dalaşgäri Ed Klark 1 göterimden gowrak ses aldy. ABŞ-nyň taryhynda bu üçünji partiýanyň dalaşgäri prezident wezipesine saýlanyp bilmedi. Üstümizdäki ýylda Libertarian partiýasy döredileniniň 45 ýyllygyny belleýär.
Ýeri gelende aýtsak, Respublikan partiýasynyň dalaşgäri Donald Trampyň hem prezidentlige dalaşgär bolmak üçin zerur bolan sesi gazanandygy mälim edildi. Beýleki tarapda bolsa, Demokratlaryň dalaşgäri Hillari Klintonyň üstünligi mese-mälim görünýär.