Ronaldo karýerasyny Dünýä Kubogynyň çempionlygy bolmazdan tamamlar

4

Ýewropanyň iki öňdebaryjy ýygyndysy – Portugaliýa bilen Ispaniýanyň milli toparlarynyň özara 42-nji duşuşygynda ýeňijini ýeke-täk gol kesgitledi. Dallasdaky AT&T Stadium-a ýygnanan 70 müňden gowrak janköýer şol gol üçin 90 minutlap garaşmaly boldular.

Çekeleşikli geçen duşuşykda oýnuň temp wagtal-wagtal pese gaçsa-da, meýdança futbolçylar çärýek finala çykmak ugrunda ýiti göreş alyp bardy. Netijede, 1-0 hasabynda Ispaniýanyň ýygyndysy ýeňiş gazanyp, 2010-njy ýyldaky çempionlykdan soň ahyry çärýek finala adyny ýazdyrdy. Duşuşygyň ýeke-täk goluny 90+1-nji minutda oýnuň 85-nji minutynda meýdança giren Mikel Merino geçirdi. Şunlukda, Ispaniýanyň ýygyndysy 16 ýyldan soň, 7-nji gezek çärýek finala çykmagy başardy.

Şu çempionatda Ispaniýanyň ýygyndysy geçiren 5-nji duşuşygynda derwezesinden gol goýbermedi. Toparyň derwezeçisi Unaý Simon 609 minutlap gol geçirtmän gelýär. Unaý Simon 1/16 finalda italiýaly Wolter Zenganyň 517 minutlyk rekordyny täzeläpdi.

Portugaliýanyň ýygyndysy üçin bolsa ýene bir çempionat şowsuz, has takygy, kuboksyz tamamlandy. Bu bolsa iň soňky gezek Dünýä Kubogynda oýnan super ýyldyz Kristiano Ronaldonyň karýerasyny futbolyň iň iň uly kubogy bolmazdan tamamlajakdygyny aňladýar. Ol duşuşykdan soň tolgundyryjy pursatlary başdan geçirdi.

Şeýle-de, Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi Roberto Martines wezipesini taşlaýandygyny mälim etdi.