19-22-nji awgustda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Halkara sergi işewürler üçin çaga önümleri we hyzmatlary pudagyna goşant goşmak üçin ajaýyp mümkinçilik döreder.
Bu sergi-ýarmarka çagalar hyzmatlary pudagynda işleýän kompaniýalaryň innowasiýa önümlerini we hyzmatlaryny hödürläp, bazary täze mümkinçilikler bilen baýlaşdyryp biljek platforma bolar. «Kids Ekspo» diňe bir ýerli kärhanalar üçin meýdança bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen söwda markalar üçin bütin dünýäniň bazaryna çykmaga döredilen bir açyk penjire hökmünde mümkinçilik bolar. Serginiň ekspozisiýasy, dünýäniň dürli künjeklerinden halkara hyzmatdaşlaryň, maýadarlaryň we bu ugruň wekilleriniň ünsüni özüne çekmäge gönükdiriler.
PDF









