Amerikaly Kelsi Pfendler Kaliforniýadan Gawaý adalaryna çenli bolan aralygy kürekli gaýykda ýeke özi ýüzüp geçip, dünýä rekordyny täzeledi. Ol takmynan 3900 kilometrlik çylşyrymly deňiz ýoluny 44 günden hem az wagtda söküp geçmegi başardy. Türgen zenan maý aýynda Kaliforniýanyň Montereý şäherinden ugrap, 2-nji iýulda agşam Gawaý adalarynyň Gonolulu duralgasyna gelip ýetdi. Häzirki wagtda dünýä boýunça ummandaky kürekli ýüzüşleri hasaba alýan halkara gurama tarapyndan Kelsiniň zenanlaryň we erkekleriň arasyndaky öňki tizlik rekordlaryny (degişlilikde 86 we 52 gün) täzeländigi baradaky netijeler bahalandyrylýar.
Rafting boýunça hünärmen bolup işleýän Pfendler bu täsin syýahaty guralyşy boýunça Ýuwaş ummanyň merkezi bölegini kürekli gaýykda ýeke özi ýüzüp geçen ilkinji amerikaly zenan hökmünde taryha girdi. Uzynlygy 6,5 metr bolan kiçi gaýykda bir ýarym aýa golaý wagt geçiren türgen özüniň täsin täsirlerini internet arkaly yzygiderli paýlaşyp durdy. Ol wideo-gündeliklerinde agyr şemal şertlerinde ýatmagyň kynçylyklary we ummandaky beýleki agyr synaglar barada gürrüň berdi.
PDF









