Dünýäniň iň gowy şäheri yglan edildi

1

«Travel + Leisure» žurnalynyň geçiren «World’s Best Awards» bäsleşiginiň netijeleri boýunça Meksikanyň San-Migel-de-Alýende şäheri dünýäniň iň gowy şäheri diýlip ykrar edildi. Gadymy binagärligi we baý medeni durmuşy bilen tapawutlanýan bu şäher 207 müňden gowrak okyjynyň gatnaşmagynda geçirilen sese berişligiň netijesinde birinji orny eýeledi. Umumy reýtiniň ilkinji onlugynda Meksikanyň ýene iki şäheri ýer aldy, öňdeligi eýeleýän beýleki şäherleriň agramly bölegi bolsa Aziýa sebitine degişlidir. Hususan-da, sanawda Meksikanyň şäherinden soňra Kioto (Ýaponiýa), Çiangmaý (Taýland), Hoýan (Wýetnam) we Ohaka (Meksika) ýaly şäherler gelýär. Žurnalyň hünärmenleriniň bellemegine görä, synagdan geçen taryhy ugurlar özüniň ajaýyp gözellikleri, ýokary derejeli myhmanhanalary we baý aşhanasy arkaly öňdeligi saklamagy başarýarlar.

Şunda Ýewropa sebitiniň iň gowy şäheri diýlip ykrar edilen Italiýanyň Florensiýa şäheri dünýä reýtinginde diňe 13-nji orny eýeläp bildi. Gaýtadan gurluşyk döwrüniň medeni mirasyna we myhmanhana ulgamyna görä Ýewropada birinji bolan Florensiýadan soňky orunlary Çehiýanyň Praga we Awstriýanyň Zalsburg şäherleri eýelediler. Ýewropanyň ilkinji bäşligini bolsa Polşanyň Krakow we Portugaliýanyň Portu şäherleri jemledi. Umumylykda, guralan bäsleşikde Portugaliýa we Italiýa iň ýokary görkezijileri görkezip, olaryň hersinden üç şäher (Portu, Funşal, Lissabon hem-de Florensiýa, Rim, Sienag) ilkinji 15-lige girmegi başardy. Şeýle hem bu sanawa Awstriýanyň (Zalsburg, Wena), Ispaniýanyň (Sewilýa, Madrid), Sloweniýanyň (Lýublýana), Belgiýanyň (Brýugge) we Wengriýanyň (Budapeşt) şäherleri girizildi.