Narpyzly çaý ünsüňi jemlemek ukybyny gowulandyrýar

2

Uly ýaşly sagdyn adamlarda narpyzly çaýyň ýatkeşligi we ünsüňi jemlemek ukybyny düýpli gowulandyrýandygy subut edildi. Beýik Britaniýanyň Nortumbriýa uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen we «Human Psychopharmacology: Clinical and Experimental» žurnalynda çap edilen ylmy barlagyň netijeleri muny tassyklaýar. Synag wagtynda narpyzly çaýy içen meýletinçileriň ýatkeşlik, ünsüňi jemlemek we giňişligi kabul etmek bilen bagly kompýuter tabşyryklaryny ýerine ýetirmek görkezijileri ýokary boldy.

Täsin tarapy, narpyz çaýy içilenden soň, beýniniň üns we işjeň ýatkeşlik üçin jogap berýän öňki böleginde (prefrontal gabygynda) gan aýlanyşynyň güýçlenendigi anyklansa-da, munuň akyl ýetiriş ukybynyň artmagyna göni täsir etmändigi mälim boldy. Ylmy barlagçylar ganyň akymynyň köpelmeginiň däl-de, eýsem narpyzyň düzümindäki işjeň maddalaryň, aýratyn-da mentolyň öwrenmek we ýatda saklamak proseslerine gatnaşýan neýromediatorlara hem-de reseptorlara edýän täsiriniň esasy şert bolup durýandygy baradaky netijä geldiler. Görkezijileri subut etmek üçin geçirilen synaga 20-56 ýaş aralygyndaky 25 sany sagdyn meýletinçi gatnaşyp, olaryň bir toparyna hakyky narpyz çaýy, beýleki toparyna bolsa narpyz şireli diýlip aslynda ýyly suw (plasebo) berildi. Alymlar geljekde bu ösümligiň beýnä ýetirýän täsiriniň dowamlylygyny has kämil neýrowizuallaşdyryş usullary arkaly has giňişleýin öwrenmegi meýilleşdirýärler.