Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­syn­da ene­le­riň we ça­ga­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak ul­ga­my ta­ry­hy de­re­je­de ýo­ka­ry sep­git­le­re ýet­di. Bu ba­ra­da ýur­duň ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri mä­lim ed­ýär. Şun­luk­da, ça­ga­la­ryň do­ly san­jym bi­len gur­şal­ma­gy 87,1 gö­te­ri­me, has­sa­ha­na­la­ryň şert­le­rin­de do­gul­ýan ça­ga­la­ryň pa­ýy bol­sa, 90,6 gö­te­ri­me ba­ra­bar bol­dy. Ýur­duň 715 ok­ru­gy­nyň 679 mü­ňe go­laý ho­ja­ly­gy­ny we 700 müň­den gow­rak aýal-gyz­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan Hin­dis­ta­nyň Maş­ga­la sag­ly­gy ba­ra­da­ky 6-njy mil­li bar­la­gy­nyň ne­ti­je­le­ri dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki sta­tis­ti­ka hem düýp­li tä­sir ed­ýär, çün­ki dün­ýä ila­ty­nyň al­ty­dan bi­ri şu ýurt­da ýa­şa­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da Hin­dis­tan­da ila­tyň 97,98 gö­te­ri­mi elekt­rik ener­gi­ýa­sy, 96,5 gö­te­ri­mi aras­sa agyz su­wy bi­len üp­jün edil­di, sag­ly­gy äti­ýaç­lan­dy­ryş ul­ga­my bol­sa ila­tyň
60 gö­te­ri­min­den gow­ra­gy­ny öz içi­ne al­ýar. Şeý­le-de zenan­la­ryň jem­gy­ýet­çi­lik-yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­ri gi­ňel­di­lip, ola­ryň 89 gö­te­ri­mi maş­ga­la çöz­güt­le­ri­ne iş­jeň gat­naş­ýar we bank ha­sap­la­ryn­dan peý­da­lan­ýar, 64,3 gö­te­ri­mi bol­sa in­ter­net ul­ga­my­ny ulan­ýar. Ga­za­ny­lan ne­ti­je­ler bi­len bir ha­tar­da, süý­ji we ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri­niň öňü­ni al­mak ba­ra­da­ky iş­le­ri has-da kä­mil­leş­dir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu ugur­da bol­sa sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ke­ma­la ge­tir­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýär.