ABŞ-nyň «Mo­narch Tractor» oba ho­ja­lyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zü­len «Mo­narch Tractor MK-V» trak­to­ry dün­ýä­de il­kin­ji «akyl­ly» trak­tor ha­sap­lan­ýar. 70 at güý­jü­ne eýe bo­lan bu trak­tor do­ly ýag­daý­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len he­re­ket ed­ýär. Elekt­rot­rak­tor ekin­le­ri ska­nir­le­mek üçin eme­li aň (EA) bi­len he­re­ket ed­ýän 360 gra­dus­lyk ka­me­ra­la­ra eýe­dir. Oba ho­ja­ly­gy­nyň «Tes­la­sy» diý­lip at­lan­dy­ry­lan ki­çi­jik trak­tor eke­ran­çy­lyk ýer­le­rin­de, üzüm meý­dan­la­ryn­da, fer­ma­lar­da we önüm­çi­lik za­wod­la­ryn­da ula­nyl­ýar. Ag­ra­my 2 müň 600 ki­log­ra­ma ba­ra­bar bo­lan 4 ti­gir­li trak­to­ryň ýük çe­ki­ji­li­gi 2 müň 500 ki­log­ra­ma, ýük gö­te­ri­ji­li­gi 997 ki­log­ra­ma deň.
Ka­li­for­ni­ýa şta­ty­nyň Li­wer­mor şä­he­rin­dä­ki «Mo­narch Tractor» önüm­çi­lik kär­ha­na­syn­da iş­le­nip taý­ýar­la­nan «akyl­ly» trak­tor ýa­dyn­da 240 GB-a çen­li tä­ze mag­lu­mat­la­ry ýyg­na­ýar. Bu trak­tor sü­rü­ji­siz, öz­baş­dak he­re­ket edip, prog­ram­ma­da bel­le­ni­len iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­rip bil­ýär. «Mo­narch Tractor MK-V» trak­to­ry eki­niň için­de iş­läp ýör­kä ho­wa­nyň ýag­da­ýy, eki­niň ösü­şi, suw ýa-da dö­kün ze­rur­ly­gy, ha­syl­ly­ly­gy, ke­se­li we ş.m. ba­ra­da mag­lu­mat­lary top­la­ýar. Ekin ýe­ri­niň eýe­si otu­ran ýe­rin­de smart­fon ýa-da komp­ýu­ter ar­ka­ly trak­to­ra bag­la­nyp, eke­ran­çy­lyk ýe­ri, eki­niň ha­syl ge­ti­ri­şi ba­ra­da­ky äh­li mag­lu­mat­lar bi­len tan­şyp bil­ýär.