Deňiz kenarlary owadan tebigaty bilen bir hatarda, täsinliklere baýdygy bilen hem tapawutlanýar. Kenarýakada gezelenç edilýän wagty balykgulakdyr midiýalaryň we käbir deňiz jandarlarynyň gabygynyň çäge bilen garyşan toplumyna duş gelmek bolýar. Deňiz jandarlarynyň çägä garyşan gabyklary tebigatyň gözelligini artdyryp, ýatdan çykmajak duýgulary döredýär. Şeýle tebigy gözellikleriň biri hem deňiz ýyldyzjyklarydyr.
Deňiz kenarynda çägä garyşýan kiçijik ýyldyzlar «Baclogypsina sphaerulata» diýlip atlandyrylýan bir öýjükli protozoanyň önümidir. Protozoa gabygyny çalyşýan möwsüminde deňizde müňlerçe ýyldyzly gabyk toplanýar. Deňiz ýyldyzjyklary tolkunlaryň kenara getirip çykarmagy bilen çägä garyşýar. Şeýlelikde, ýyldyzly çäge emele gelýär. Möwsümleýin bolup geçýän bu hadysa Ýer ýüzüniň käbir ýerinde duş gelýär. Ýaponiýanyň Okinawa, Hatoma, Iriomote we Taketomi adalarynyň kenarlarynda güýçli tupandan soňra deňiz ýyldyzjyklary peýda bolýar.
PDF









