Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Bu oňyn ösüşler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli artdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji alty aýynda gazanylan netijeler ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini, milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň üpjün edilýändigini we halkara hyzmatdaşlygynyň täze mazmun bilen baýlaşýandygyny görkezýär. Syýasy-diplomatik gatnaşyklar has-da işjeňleşdirilip, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk giňeldildi, medeni-ynsanperwer ugurda möhüm başlangyçlar amala aşyryldy, ylym we bilim ulgamlarynda döwrebap özgertmeler dowam etdirildi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasaty halkara giňişliginde uly hormata eýedir. Daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar we sebit hyzmatdaşlary bilen köpugurly gatnaşyklar ösdürildi. Ýokary derejeli duşuşyklar, halkara maslahatlary hem-de resmi gepleşikler özara ynanyşmagy pugtalandyrmaga, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirildi.
Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, senagatlaşdyrmak we sanly özgertmeleri giňeltmek boýunça möhüm işler alnyp baryldy. Ýangyç-energetika, himiýa, gurluşyk, dokma, oba hojalygy we ulag-aragatnaşyk pudaklarynda önümçilik kuwwatlyklary artdyryldy.
Döwlet maksatnamalaryna laýyklykda täze önümçilik desgalary ulanylmaga berildi, importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek we eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Hususy telekeçilige döwlet goldawy güýçlendirilip, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek ugrunda netijeli çäreler amala aşyryldy. Makroykdysady görkezijilere laýyklykda, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,7 göterime, gurluşykda 6,7 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterime, söwdada 8,5 göterime, oba hojalygynda 2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 18 milliard 600 million manada golaý düýpli maýa goýumlar özleşdirildi.
Ýylyň ilkinji alty aýynda ýurdumyzda halkara we milli derejede köp sanly medeni çäreler, sergiler, döredijilik festiwallary, konsertler we ylmy-amaly maslahatlar geçirildi.
Saglygy goraýyş ulgamynda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, öňüni alyş çärelerini kämilleşdirmek, täze lukmançylyk enjamlaryny ornaşdyrmak we halkara tejribäni ulanmak boýunça işler üstünlikli dowam etdirildi.
Bilim ulgamynda döwrebap özgertmeler yzygiderli dowam etdirildi. Okuw meýilnamalary kämilleşdirildi, sanly tehnologiýalaryň ulanylyşy giňeldildi, daşary ýurt dillerini we takyk ylymlary okatmagyň hili ýokarlandyryldy. Ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-barlag işleriniň gerimi giňeldilip, innowasion taslamalary durmuşa geçirmek boýunça işler alnyp baryldy. Alymlar we ýaş gözlegçiler tarapyndan ylmy işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn üns berildi. Mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde häzirki zaman okuw-tehniki serişdeleri giňden ornaşdyrylyp, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, halkara ders bäsleşiklerine we olimpiadalara taýýarlamak boýunça netijeli işler amala aşyryldy.
Şu ýyl Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň hem açyljakdygy biz mugallymlaryň şatlygyna şatlyk goşdy. Täze okuw ýylyna täze okuw binasynda gadam basmak bizi täze üstünliklere ruhlandyrar.
Mahym Çetiýewa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
PDF









